Türkmenistanda bahasy 37 milliard dollardan gowrak iri desgalaryň 2,5 müňe golaýy gurulýar

  • 27.09.2021 07:57
  • 13k+

Häzirki döwürde Türkmenistanda umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem gowrak bolan 2,5 müňe golaý iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar. «Dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, biz ählumumy ykdysady çökgünligiň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirini azaltmak boýunça uly işleri dowam etdirýäris» diýip, türkmen Lideri Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde bu barada aýratyn nygtady.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, býujet ulgamynyň durnukly bolmagyny gazanmak, döwletiň çykdajylar boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmegini netijeli dolandyrmak, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak babatda zerur işleri amala aşyrýarys. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, şäher we oba ýerleriniň üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, ulag-logistika üpjünçilik ulgamlaryny döretmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Bellenilişi ýaly, Aşgabatda täze iri ýaşaýyş toplumlarynyň, Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň, şeýle hem ýurdumyzyň dürli sebitlerinde häzirki zaman obalarynyňdyr şäherçeleriniň gurluşygy ýokary depginlerde dowam edýär. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli 30 desgany ulanmaga bermek göz öňünde tutulypdy. Ýöne, mähriban halkymyzyň yhlasly we tutanýerli zähmeti netijesinde, ýanwar — sentýabr aýlarynda 56 sany iri desga, şol sanda umumy meýdany 509 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi.

Ýylyň ahyryna çenli ýene-de 14 sany iri desgany we ýaşaýyş jaý toplumlarynyň birnäçesini ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Şu ýylyň 8 aýynyň jemleri boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi içerki önümiň möçberi 6,2 göterim artdy. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da berkeýändiginiň we öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.


28.06.2025 00:45
12k+

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň rektory we prorektorlary bellenildi

27-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine ýolbaşçylary bellemek bilen bagly resminamalara gol çekdi. Hususan-da, Hydyrguly...

27.06.2025 23:53
14k+

Türkmenistanda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti döredildi

Prezident Serdar Berdimuhamedow "Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek hakynda" Permana gol çekdi. Döwlet Baştutany degişli resminama 27-nji iýunda Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu resminama ýokary bilimli işgärleri taýýarlamakda, gaýtadan taýýarlamakda we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda telekeçilik we işewürlik ulgamyna goldaw bermek maksady bilen kabul edildi...

18.03.2025 12:50
5.4k+

Aşgabatda "Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar" halkara forumy işläp başlady

Şu gün, 18-nji martda «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň hususy pudagyna maýa goýumlary çekmäge gönükdirilen «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT-2025) atly halkara forum öz işine başlady. Forum Türkmenistanyň...

17.03.2025 07:46
2.6k+

Aşgabatda telekeçileriň sergisi we maýa goýumlar boýunça halkara forum öz işine başlaýar

Şu gün, 17-nji martda Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergi hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly...