Türkmenistanda çaganyň doglandygy üçin döwlet kömek pullarynyň möçberlerine täzeden serediler

  • 26.09.2021 09:23
  • 47k+

Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan eneleriň pensiýalarynyň, çaga ideg etmek boýunça döwlet kömek pullarynyň, durmuş kömek pullarynyň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem sekiz we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren eneleriň has ir pensiýa çykmagy bilen baglanyşykly degişli kanunlara täze kadalar giriziler.

Bu çözgütleriň maksadalaýyk boljakdygy barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda belledi.

Türkmen Lideri şeýle hem çaganyň doglandygy üçin döwlet kömek pullarynyň möçberlerine täzeden seredilmegi, bäş we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren zenanlara berilýän döwlet kömek pullarynyň möçberiniň artdyrylmagy barada nygtap, bu işleriň köp çagaly maşgalalaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam etjekdigini belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynda geljek ýylda hem zähmet haklarynyň, talyp haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň möçberleriniň artdyryljakdygyny belledi.


düýn 18:37
1.5k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokiodaky “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy

27–29-njy aprel aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekillerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy.......

düýn 16:55
2.2k+

«Watan» kinokonsert merkezi Beýik Ýeňşi bilelikde bellemäge çagyrýar

9-njy maýda «Watan» kinokonsert merkezinde «Beýik Ýeňiş — kalplarda» («Великая Победа – в сердце каждого») atly konsert geçiriler....

düýn 16:17
3.1k+

Türkmen-hytaý işewürler forumy Hytaý bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitledi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi....

düýn 11:14
2.1k+

Aşgabatda Türkmenistanyň we Seýşeller Respublikasynyň DIM-leriniň ýolbaşçylary duşuşdy

29-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurdumyza ilkinji resmi sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri For bilen duşuşygy......