Alymlar 4000 ýyl öň ölüp giden gadymy mamontlary «direltmekçi» bolýarlar

  • 15.09.2021 12:25
  • 14k+

Garward lukmançylyk mekdebiniň genetikleri 4000 ýyl ozal ýitip giden ýüňlek mamontlary "gaýtadan direltmäge" synanyşýarlar hem-de ony tebigy mekanyna goýbermek isleýärler. Barlagçylar bu taslama üçin eýýäm 15 million dollar topladylar diýip, ferra.ru habar berýär.

Mamontlaryň "direldilmeginiň" tarapdarlary olaryň Arktikadaky tundra ekosistemasyny dikeltmäge kömek etjekdigini, howa krizisine garşy göreşip, ýitmek howpy abanýan Aziýa pilini saklap galyp biljekdigini aýdýarlar.

"Direltmek" diýilse, alymlar mamontlary klonlamak isleýärler diýip düşünmek bolmaz. Olar genetiki inženerçiligiň kömegi arkaly mamont bilen piliň gibridini dörederler, ol bolsa hakyky mamontlardan daşky görnüşi boýunça kän bir tapawutlanmaz. Bu işiň maksady eýýäm geljek dört-alty ýylda şeýle gibrid mamontlary döretmekden ybaratdyr.
Barlagçylar toplanan maýa goýumlarynyň taslamany ösüşiň täze tapgyryna çykarandygyny bellediler.


şu gün 11:37
1.1k+

Her planetanyň öz owazy bar: NASA teleskop maglumatlaryny saza öwürdi

NASA-nyň hünärmenleri «Çandra» obserwatoriýasy tarapyndan alnan Ýupiter, Saturn we Uran planetalarynyň şekillerini owaz sazlaşygyna öwürdiler. Ýakynda bolup geçen planetalaryň parady döwründe ýygnalan bu ylmy maglumatlar sonifikasiýa arkaly audio görnüşine getirildi...

düýn 15:46
1.8k+

Awstraliýada iň kiçijik opossumyň gizlin populýasiýasynyň yzlary tapyldy

Australian Zoologist ylmy žurnalynda çap edilen täze gözleg, Günorta Awstraliýanyň Ýork ýarym adasyndaky «Dhilba Guuranda-Innes» milli seýilgähinde kiçi girdenek opossumyň (Cercartetus lepidus) bolmagynyň mümkindigini görkezýär...

08.03.2026 18:02
5.8k+

Bill Geýts täze görnüşli «Natrium» atom stansiýasyny gurmaga rugsat aldy

ABŞ-nyň Ýadro kadalaşdyryş komissiýasy Bill Geýtsiň esaslandyran TerraPower kompaniýasyna Waýoming ştatynda «Natrium» kysymly täze nesil reaktoryny gurmaga resmi taýdan rugsat berdi. Netijede bu karar ýurtda şeýle görnüşdäki ilkinji täjirçilik maksatly atom stansiýasynyň gurulmagyna mümkinçilik berdi...

08.03.2026 12:33
1.1k+

NASA-nyň inženerleri Aý tozanyndan kislorod almagy öwrendiler

NASA Aý tozanyndan — regolitden kislorod almagyň täze usulyny görkezýän barlaglaryň netijelerini tanyşdyrdy. Agentligiň metbugat beýanatynda bellenilişi ýaly, bu täze açyş geljekki Aý missiýalarynda möhüm peýda berip biler...