Alymlar 4000 ýyl öň ölüp giden gadymy mamontlary «direltmekçi» bolýarlar

  • 15.09.2021 12:25
  • 14k+

Garward lukmançylyk mekdebiniň genetikleri 4000 ýyl ozal ýitip giden ýüňlek mamontlary "gaýtadan direltmäge" synanyşýarlar hem-de ony tebigy mekanyna goýbermek isleýärler. Barlagçylar bu taslama üçin eýýäm 15 million dollar topladylar diýip, ferra.ru habar berýär.

Mamontlaryň "direldilmeginiň" tarapdarlary olaryň Arktikadaky tundra ekosistemasyny dikeltmäge kömek etjekdigini, howa krizisine garşy göreşip, ýitmek howpy abanýan Aziýa pilini saklap galyp biljekdigini aýdýarlar.

"Direltmek" diýilse, alymlar mamontlary klonlamak isleýärler diýip düşünmek bolmaz. Olar genetiki inženerçiligiň kömegi arkaly mamont bilen piliň gibridini dörederler, ol bolsa hakyky mamontlardan daşky görnüşi boýunça kän bir tapawutlanmaz. Bu işiň maksady eýýäm geljek dört-alty ýylda şeýle gibrid mamontlary döretmekden ybaratdyr.
Barlagçylar toplanan maýa goýumlarynyň taslamany ösüşiň täze tapgyryna çykarandygyny bellediler.


düýn 16:56
1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

düýn 12:41
1.1k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

düýn 11:09
1.3k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

12.06.2026 06:42
5.5k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....