78-nji Wenesiýa film festiwalynyň ýeňijileri yglan edildi

  • 14.09.2021 08:20
  • 3.2k+

11-nji sentýabrda 78-nji halkara Wenesiýa film festiwaly tamamlandy. Koreýaly režissýor Pon Çžun Ho-nyň ýolbaşçylygyndaky eminler topary baýraklary esasy bäsleşige gatnaşan 21 adamyň arasynda paýlady. Festiwalyň ýapylyş dabarasy, däp boýunça, Lido adasynda geçirildi diýip, vesti.ru habar berdi.

Odri Diwanyň režissýorlyk eden “Hadysa” (Fransiýa) filmi 78-nji halkara Wenesiýa film festiwalynyň iň gowy filmi diýlip ykrar edildi. Emin agzalarynyň Gran Pri baýragy bolsa Paolo Sorrentinonyň režissýorlyk eden “Hudaýyň eli” filmine gowşuryldy.

Iň gowy režissýora berilýän Kümüş ýolbars baýragyna “Itiň güýji” filmi üçin Jeýn Kempion mynasyp boldy. Emin agzalary Penelopa Kruzy Pedro Almodowaryň “Parallel eneler” filmindäki janlandyran keşbi üçin iň gowy aktrisa hökmünde ykrar etdiler. Erik Mattiniň (Filippinler) “Işde: Ýitirim bolan 8” filminde baş keşbi janlandyran Jon Arsilýa iň oňat aktýor diýlip yglan edildi.

Beýleki baýraklar şu aşakdaky tertipde paýlandy:
Iň oňat ssenariýa - režissýor Meggi Jillenhol ("Ýitirilen gyz", Gresiýa/ABŞ/Angliýa/Ysraýyl);
Eminleriň ýörite baýragy - Mikelanjelo Frammartinonyň režissýorlyk eden "Gowak" filmi (Italiýa/Fransiýa/Germaniýa) .
Ýeri gelende bellesek, 78-nji halkara Wenesiýa film festiwaly 1-18-nji sentýabr aralygynda Italiýada geçirildi.

şu gün 00:06
493

Hermès Parižde erkeklere niýetlenen 2027-nji ýylyň ýaz-tomus toplumyny görkezdi

Hermès Parižde 2027-nji ýylyň ýaz-tomus möwsümi üçin erkeklere niýetlenen toplumyny görkezdi. Bu toplum Weronik Nişanýanyň kompaniýadan gidenden soňky ilkinji we brendiň döredijilik ýolbaşçysyz topary......

26.06.2026 23:49
2.5k+

Louis Vuitton we Pinarello bilelikde welosiped nusgasyny döretdiler

Louis Vuitton kompaniýasy konseptual welosiped döretdi. Ol Parižde geçirilýän Moda hepdeliginiň çäginde Louis Vuitton-yň erkekler üçin 2027-nji ýyl ýaz-tomus toplumynyň görkezilişinde tanyşdyryldy....

11.06.2026 13:03
7.6k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.9k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......