Türkmen Lideri dynç gününi maşk etmäge, welosipedli gezelenje we ahalteke bedewlerine bagyşlady

  • 06.09.2021 08:29
  • 12k+

5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow adaty däbe eýerip, beden maşklaryny ýerine ýetirdi hem-de ir bilen Köpetdagyň eteklerinde welosipedli gezelenç edip, ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy.

Döwlet Baştutany welosipedli ýörişiň dowamynda bu künjegiň özboluşly tebigy aýratynlygyny, dag etekleriniň ajaýyplyklaryny we sazlaşykly ösüş ýoluna düşen ak mermerli Aşgabadyň göze gelüwli binalaryny synlady. Şu ýyl özüniň döredilmeginiň 140 ýyllygyny bellän paýtagtymyz dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Ol Aziýanyň merjen dänesine deňelýär. Paýtagtymyzyň binalarynyň birnäçesi, şeýle-de Aşgabat şäheri dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen ýeri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, welosipedli gezelençler adama tebigata ýakyn bolmaga, onuň gözelliklerine guwanmaga mümkinçilik döredýär. Ata-babalarymyz tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagy başarypdyrlar, ondan güýç-kuwwat hem ruhubelentlik alypdyrlar. Olar halkymyzyň gündelik durmuşynda hem-de baýramçylyklarynda, onuň däp-dessurlarynda, halk döredijiliginde, ajaýyp sungat eserlerinde öz beýanyny tapýar. Biziň günlerimizde hem tebigata aýawly garamak halkymyzyň edim-gylymynda berk ornaşandyr, ol döwlet syýasatynda hem esasy orny eýeleýär.

Soňra döwlet Baştutany Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, asylly däbe görä, behişdi bedewleri bilen didarlaşyp, Akýol atly bedewde birsellem gezim etdi.

Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, ahalteke bedewleri halkymyzyň ykbalynda uly orun eýeläpdir. Türkmenler bedewlerini ýakyn syrdaşy hem-de wepaly ýoldaşy saýyp geldiler. Hut şu ýörelgeler hem bu behişdi bedewlerde aýratyn häsiýetleriň kemala gelmegine täsirini ýetirdi. Bu gün seýisleriň, halk seçgiçileriniň ussatlygy netijesinde, milli atşynaslygyň asylly däpleri aýawly saklanylýar hem-de ylmyň we tehnikanyň täze gazananlary bilen baýlaşdyrylýar.


11.05.2026 22:59
1.2k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

03.05.2026 14:32
14k+

Arkadag şäherinde bilim alýanlar üçin birnäçe talyp haklary giriziler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň......

03.05.2026 13:49
6.9k+

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda 4284 maşgala üçin ýaşaýyş jaýlary gurlar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine saparynyň çäklerinde geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet......

03.05.2026 13:30
1.4k+

Arkadag şäheriniň wekiliýeti Bakuda Şäherleriň Bütindünýä Forumynyň mejlisine gatnaşar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine saparynyň çäklerinde bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we......