В Туркменистане налаживается производство авиатоплива для самолётов «Ан-2»

  • 04.09.2021 18:43
  • 10k+

Häzirki wagtda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy tarapyndan “Türkmenhowaýollary” agentliginiň ýüztutmasy esasynda “An-2” kysymly uçarlar üçin daşarky bazarlardan satyn alynýan awiabenzini öndürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy tarapyndan bu önüme laýyklyk güwänamasy resmileşdirildi.

Şunuň bilen baglylykda, suwuklandyrylan gazdan awtomobil ýangyjy üçin ýokary oktanly goşundysyny alýan desgada benzinleriň ýokary oktanly komponenti öndürildi. Zawodlar toplumy tarapyndan ýurdumyzyň oba hojalygynda giňden ulanylýan “An-2” kysymly uçarlary milli ýangyç serişdeleri bilen doly üpjün etmek hem-de ýangyjyň bu görnüşini sebitiň ýurtlaryna eksport etmek meýilleşdirilýär.

Bular barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň dowamynda wise-premýer Ş.Abdrahmanow hasabat berdi. Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz ulgamyny mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän önümleriň öndürilişini artdyrmagyň zerurdygyny belledi.


26.08.2022 22:32
3.2k+

Полугодовая чистая прибыль PetroChina выросла в 1,6 раза за счет роста цен на сырье

В I полугодии 2022 года крупнейшая нефтегазовая компания Китая PetroChina Co. увеличила чистую прибыль в 1,6 раза, выручку - в 1,3 раза благодаря повышению цен на нефть и газ. Чистая прибыль компании в январе-июне...

01.11.2021 15:47
2.2k+

Квартальная чистая прибыль Saudi Aramco выросла в 2,6 раза

Чистая прибыль государственной компании Саудовской Аравии Saudi Aramco в третьем квартале 2021 года составила $30,4 млрд – это в 2,6 раза выше показателей аналогичного периода 2020 года, сообщает Интерфакс со ссылкой...

10.08.2021 08:41
5k+

Чистая прибыль Saudi Aramco во II квартале 2021 выросла до $25,5 млрд

Чистая прибыль крупнейшей в мире нефтяной компании Saudi Aramco по итогам второго квартала 2021 года составила $25,5 млрд против $6,6 млрд годом ранее. Показатель вырос в 3,9 раза, передает ТАСС со ссылкой на сообщение...

сегодня 11:50
240

Alphabet стала четвертой компанией в истории с капитализацией выше $3 трлн

15 сентября акции корпорации Alphabet, владеющей Google, прибавили в цене 4%. Таким образом она стала четвертой в мире компанией, чья капитализация превышает $3 трлн. На пике ее рыночная стоимость достигла $3,04 трлн...