Windows 11 5-nji oktýabrda çykar

Windows 11 5-nji oktýabrda çykar

Windows 11 operasion sistemasy 5-nji oktýabrda ulanyjylar üçin elýeterli bolar. Bu barada operasion sistemany döreden Microsoft korporasiýasy habar berýär diýip, TASS belleýär.

“2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Windows 10 gurnalan kompýuter eýeleri Windows 11-e mugt geçip bilerler, satuwa bolsa eýýäm Windows 11 gurnalan kompýuterler çykarylar” – diýlip, kompaniýanyň metbugat relizinde aýdylýar.

Täzelenen operasion sistema geçmek mümkin bolan ähli gurluşlaryň ulanyjylarynyň muny 2022-nji ýylyň ortalaryna çenli amala aşyrmagyna garaşylýar. Microsoft Windows 10 üçin 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabryna çenli goldaw berer – Windows-yň bu wersiýasynyň indiki täzelenmesiniň şu ýyl bolmagyna garaşylýar.

Microsoft Windows 11 operasion sistemasyny iýun aýynda hödürledi. Döredijiler onuň dizaýnyny täzelediler: “Pusk” menýusy indi ekranyň merkezi böleginde ýerleşer. Mundan başga-da, täze OS doly işlenilen dizaýna, iki monitor işini götermegiň kämilleşdirilen ulgamyna, dürli hyzmatlara elýeterli bolmak üçin wijetlere we beýleki birnäçe täzeliklere eýe boldy.

Täze üýtgeşmeleriň biri-de Windows 11-de Android üçin programmalary ulanmak mümkinçiligidir – işläp düzüjiler geljek birnäçe aýyň dowamynda synag geçirerler.