Türkmen Lideri Özbegistanyň Prezidentini we halkyny Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlady

  • 01.09.2021 12:05
  • 4.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe we ähli doganlyk özbek halkyna Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Gutlagda türkmen Lideri Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň parasatly ýolbaşçylygynda häzirki döwürde durmuşyň ähli ugurlarynda öňe gitmek we gülläp ösmek ýoly bilen ynamly barýandygyny belläp, häzirki wagtda hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege goldaw bermek esasynda ýola goýulýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň sazlaşykly we okgunly häsiýete eýedigini hem-de özara ynanyşmak, deňhukuklylyk, açyklyk ýörelgelerine esaslanýandygyny kanagatlanma bilen belleýär.

“Men “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde ýaňy-ýakynda bolan duşuşygymyzy örän ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Şol duşuşygyň dowamynda ýurtlarymyzyň arasyndaky köpugurly özara gatnaşyklaryň gyşarnyksyz giňeldilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna taraplaryň ygrarlydygy we gyzyklanma bildirýändigi ýene-de bir gezek tassyklanyldy” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly döwletiň Baştutanyna Gutlagynda belleýär.


şu gün 10:21
2.9k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

03.06.2026 23:15
3.9k+

Özbegistanda hususy teatrlar we kino önümçiligi salgytlardan boşadyldy

Özbegistanda kino pudagyny we döredijilik ulgamyny goldamagyň täze çäreleri durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda hususy teatrlara, kinematografiýa pudagyna hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň ýurduň çäginde......