Hytaý ilatyna COVID-19-a garşy iki milliarddan gowrak sanjym etdi

  • 31.08.2021 09:40
  • 8.3k+

Hytaýyň raýatlary COVID-19-a garşy iki milliarddan gowrak sanjym aldylar. Bu barada CNN teleýaýlymyna salgylanyp, Day.az habar berýär.

Edaranyň habaryna görä, ýurduň 1,4 milliard raýatyndan 889 million adama doly sanjym edildi. Sanjymlaryň ählisi Hytaýda öndürilen derman serişdeleriniň kömegi bilen amala aşyryldy. CNN teleýaýlymynyň bellemegine görä, häzirki wagtda dünýäde ähli sanjym dozalarynyň, takmynan, 40 göterimi Hytaýyň paýyna düşýär.

Hökümet nobatdaky koronawirus ýaýrawynyň gözegçilik astyna alnandygy, 16-njy awgustdan bäri 11 günüň dowamynda täze kesel hadysalarynyň sanynyň azalandygyny aýtdy. 2021-nji ýylyň ahyryna çenli Pekin ilatynyň 80 göterimine koronawirusa garşy sanjym etmegi meýilleşdirýär, bu oňa kollektiw immuniteti gazanmaga kömek eder.

Ilat sanjymy boýunça soňky kampaniýa kämillik ýaşyna ýetmedikleri, garry adamlary, şeýle-de barmasy kyn bolan sebitleriň ýaşaýjylaryny öz içine aldy. Bu ilat toparlary hökümetiň raýat immunizasiýasy boýunça öňki programmasyna goşulmady.


16.11.2025 16:17
3.6k+

Hytaýly alymlar üzüm däneleriniň esasynda garramaga garşy dermanyň döredilendigini habar berdiler

Hytaýdaky Lonvi Biosciences barlaghanasynyň barlagçylary "adamyň ömrüni 100 ýaş edip, hatda ondanam uzaldyp biljek" dermanyň döredilendigini mälim etdiler diýip, The New York Times habar berýär. Şençžen şäherinde ýerleşýän barlaghana üzüm dänesiniň ekstraktynda bar bolan prosianidin C1 (PCC1) birleşmesine esaslanýan garrylyga garşy gerdejikleri işläp taýýarlady...

10.11.2025 11:14
7.1k+

Hytaýly lukmanlar ilkinji gezek robotyň we 5G ulgamynyñ kömegi bilen uzak aralykdan operasiýa geçirdiler

Hytaýyň Guançžou şäherindäki Sun Ýatsen uniwersitetiniň oftalmologlary (göz lukmanlary) dünýäde ilkinji gezek 4200 kilometre golaý aradaşlykdan robot we 5G aragatnaşyk ulgamy arkaly subretinal sanjym operasiýasyny geçirdiler...

28.08.2025 06:44
8.3k+

Hytaýda ilkinji gezek adama doňzuň öýkeni oturdyldy

Hytaýda alymlar topary ilkinji gezek genetiki taýdan üýtgedilen doňuzdan alnan öýkeni ölüm halyndaky hassa oturtdy. Organ şol bada bitişmezlik ýagdaýyny görkezmedi. Bu hem ylmy gözlegçileriň pikiriçe, haýwan organlaryny ksenotransplantasiýa üçin ulanyp boljakdygyny tassyklaýar diýip, Nature Medicine habar berýär...

29.07.2025 13:28
7.5k+

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary Pekiniň uniwersitetinde tejribelik geçdiler

14–28-nji iýul aralygynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary Hytaýyň däp bolan lukmançylygy boýunça Pekin uniwersitetinde önümçilik tejribeligini geçdiler. Hytaý tarapy geljekki türkmen lukmanlary üçin baý okuw we medeni maksatnamany taýýarlady...