Dacia Sandero iýul aýynda Ýewropada iň köp satylan awtomobil boldy

  • 31.08.2021 09:01
  • 4.2k+

Şu ýylyň iýul aýynda Dacia Sandero ykjam hetçbegi 2008-nji ýylda satylyp başlanandan bäri ilkinji gezek Ýewropa bazarynda iň köp satylýan model boldy. JATO Dynamics gözleg kompaniýasynda bellenilişi ýaly, Dacia Sandero-nyň täze nesliniň çykmagy bilen bu hetçbek Germaniýada (+15%), Rumyniýada (+24%) hyrydarlygyň iň ýokary ösüşini görkezip, Fransiýada we Ispaniýada satuw reýtinglerinde birinji orny eýeledi. Bu barada autostat.ru habar berýär.

JATO Dynamics-iň maglumatlary boýunça, geçen aý Ýewropada iň köp satylýan model 20446 awtomobil (+6%) görkezijisi bilen Dacia Sandero hetçbegi boldy. Satuw möçberi 19425 birlik (-37%) bolan Volkswagen Golf ikinji orna düşdi. Üçünji orny Toyota Yaris eýeledi – bu modeliň satuwy 3% ýokarlanyp, 18858 awtomobile ýetdi.

Onuň yzyndan 17343 alyjy tarapyndan satyn alnan (-8%) Volkswagen Polo gelýär. Liderleriň bäşligini 16496 nusga (-17%) bilen ýaýran Volkswagen T-Roc krossoweri jemleýär. 

Şeýle-de, Ýewropada iň köp satylýan modelleriň onlugyna Hyundai Tucson (14883 birlik, +39%), Volkswagen T-Cross (14170, +12%), Dacia Duster (13329, -19%), Fiat Puma (13283, +2%) we Peugeot 2008 (13134, -34%) girdi.

Iýul Ýewropa ýurtlarynyň köpüsi üçin agyr aý boldy. Täze awtomobilleriň satuwy Germaniýada 25%, Fransiýada 35%, Italiýada 19%, Beýik Britaniýada we Ispaniýada 30% pese gaçdy. Umuman, iýul aýynda Ýewropa bazary 24% pese gaçdy we jemi 967 830 awtomobil satyldy. 2021-nji ýylyň ilkinji ýedi aýynyň jemi boýunça Ýewropa bazary 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 17% ösdi.


15.12.2025 07:45
3.6k+

ÝB içinden ýandyrylýan hereketlendirijili ulaglaryň satuwyna gadaganlygy 2040-njy ýyla çenli yza süýşürýär

Ýewropa Bileleşigi içinden ýandyrylýan hereketlendirijili täze ulaglary satmaklyga goýlan gadaganlygy yza süýşürmegi meýilleşdirýär. Bu barada "The Times" gazeti öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär. ÝB-ne agza 27 döwlet tarapyndan 2023-nji ýylda gol çekilen ylalaşygyň ilkibaşda 2035-nji ýylda güýje girmegi meýilleşdirilipdi...

20.11.2025 11:43
2.8k+

Mercedes ÝB-niň täze ses talaplary sebäpli käbir AMG modelleriniň önümçiligini bes edýär

Mercedes-AMG täze Ýewropa talaplary sebäpli uly üýtgeşmelere taýýarlanýar. 2026-njy ýylyň iýul aýyndan başlap, daşky sesiň rugsat berlen derejesini berkidýän UN-R51.03 "Phase 3" kadalary güýje girýär. Kompaniýanyň içki resminamasynyň syzdyrylmagyna görä, AMG modelleriniň käbiri bu parametrlere laýyk gelmeýär...

05.11.2025 11:54
6.6k+

“Ýewropada ýylyň awtomobili-2026” baýragynyň finalçylary yglan edildi

Ýewropada “Ýylyň awtomobili” bäsleşiginiň emin agzalary 2026-njy ýylyň baş tituly üçin finalçylary yglan etdi. Gysga sanawa eýýäm ÝB-niň bazarynda elýeterli bolan ýa-da tiz wagtdan satuwa çykjak ýedi täze model girdi...

21.10.2025 16:08
4.3k+

Ýewropada täze Toyota RAV4-üň satuwy başlady: bahalar 42,8 müň ýewrodan başlaýar

Ýewropada täze, altynjy nesil Toyota RAV4 ulagynyň satuwy başlandy. Esasy wersiýa üçin baha 42,8 müň ýewrodan başlaýar. Italiýada bolsa ony aýda 299 ýewro töleg bilen satyn alyp bolýar. Model täze dizaýna eýe boldy: uly radiator gözenegi, C şekilli faralar, kuzowyň relýef gapdallary we 20 dýuýmlyk tigir diskleri...