Lukman ertirlik naharyndan soň diş ýuwmagyň zyýany hakynda aýtdy

Lukman ertirlik naharyndan soň diş ýuwmagyň zyýany hakynda aýtdy

Diş lukmany Anna Peterson özüniň TikTok hasabynda näme üçin ertirlik naharyndan soň dişleri ýuwmaly däldigini düşündirdi. Bu barada pcnews.ru habar berdi.

Lukmanyň bellemegine görä, ertirlik naharyndan soň dişleri ýuwmak endigi dişiň saglygyna ýaramaz täsir edýär. Sebäbi iýmit iýilenden soň, agyzda okislenme hadysasy başlanýar. Şeýlelik bilen, dişleri ýuwýan mahaly adam kislotany dişiň emalyna sürtüp biler, bu bolsa öz gezeginde onuň zaýalanmagyna sebäp bolýar.

Sagdyn saklamak üçin dişleri ertirlik naharyndan öň ýuwmak dogry bolar. Şeýdilende, iýmitiň dişlere ýetirýän zyýanly täsirini azaltmaga mümkinçilik döreýär.

Umuman aýdanyňda, lukman dişleri agyz çaýkalýan serişde hem-de diş sapajygy bilen günüň dowamynda, azyndan, iki gezek arassalamagy maslahat berdi.