Tesla tutuş dünýäde 1 milliondan gowrak Model 3 elektromobilini satdy

  • 29.08.2021 02:37
  • 6.5k+

Tesla kompaniýasy Model 3 elektrik sedanynyň üstünligi baradaky habar bilen paýlaşdy. Tutuş taryhyň dowamynda bu ulagdan eýýäm 1 milliondan gowragy, has anyk aýdanymyzda, 1 031 588 sanysy satyldy. Bu barada carsweek.ru habar berýär.

Ikinji çärýek hasam üstünlikli boldy – bu döwrüň üç aýynda satuw mukdary 225 müň birlige ýetdi. Beýleki ulaglar barada gürrüň edilende, Tesla Model Y elektromobili 250 müň gezek satyn alyndy, şu ýylyň ahyryna çenli amerikan kompaniýasynyň wekilleri 500 müň nusga barada habar bermegi meýilleşdirýärler.

Has gymmat bolan Tesla Model S bilen Tesla Model X-iň satuwy pes boldy. Olardan 200 müň birlik satyldy. Tesla üçin bäsdeş hökmünde beýleki brendleriň wekilleriniň arasyndan ykjam Nissan Leaf awtomobilini görkezmek bolar. Bu awtomobile dünýäniň, takmynan, 500 müň adamy eýeçilik edýär. 

Häzirki wagtda Tesla-nyň iň uly bazary ABŞ-dyr. Ilon Maskyň kompaniýasy bu ýurtda elektromobil bazarynyň, takmynan, 70%-ine gözegçilik edýär. Tesla-nyň Hytaýda-da orny uly: 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda Hytaýda elektromobil satuwy 1,12 million birlige ýetdi, 161 müňden gowragy hem Tesla modelleriniň paýyna düşdi. 

Tesla-nyň maliýe hasabatynda kompaniýanyň şu ýylyň birinji ýarymynda 386 050 awtomobil satandygy görkezilýär. Ýylyň ahyryna çenli kompaniýanyň satuw göwrümi 800 müň ulagdan geçip biler.


düýn 20:06
7.6k+

Tesla robotaksisi ilkinji gezek ýol-ulag hadysasyna uçrady. Duran Toyota Camry zyýan çekdi

Ostinde (Tehas ştaty) Tesla robotaksisiniň gatnaşmagynda bolup geçen ilkinji ýol-ulag hadysasy hasaba alyndy. Model Y elektromobili Home Slice Pizza restoranynyň awtoduralgasyndan çykyp barýarka, duran Toyota Camry-ny kakdy...

düýn 17:44
3.7k+

Xiaomi YU7 krossowerine nobat 62 hepdä çekýär

Xiaomi kompaniýasy özüniň ikinji modeli bolan YU7 elektrokrossoweriniň ibermelerine başlady. Ilkinji awtoulaglar Hytaýyň 58 şäherindäki eýelerine gowşuryldy. Emma ýokary isleg we önümçilik kuwwatynyň çäklidigi sebäpli, bu ulagyň esasy görnüşi üçin garaşmaly wagt 62 hepdä ýetdi diýip, «Cnevpost» habar berýär...

06.07.2025 15:41
3.3k+

Tesla-nyň satuwy 13% pese gaçdy, kompaniýa kyn döwri başdan geçirýär

2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde Tesla 384 122 awtomobil satdy, bu bir ýyl ozalkydan 13% azdyr. Kompaniýa yzygider ikinji çärýek satuwyň pese gaçmagy bilen ýüzbe-ýüz bolar. Ösüşe gaýdyp gelmek üçin, kompaniýa ýylyň ikinji ýarymynda tas 110 000 ulag artyk satmaly diýip, Bloomberg ýazýar...

06.07.2025 14:41
5.8k+

Hindistanda 275 ýewro bahadan köpçülikleýin elektrokar çykaryldy

Hindistanda dünýäde iň elýeterli elektromobil bolan Yakuza Mini Electric Car-yň satuwy başlandy. Onuň bahasy 275 ýewro barabar. Ykjam ulag şäher şertleri üçin niýetlenip, eýýäm ýurtdan daşary hem ünsi çekdi. Ol resmi şahadatnama aldy we konsept hökmünde däl-de, yzygiderli çykarylýar...