Türkmen Lideri gyrgyz kärdeşini ýurduň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady

  • 27.08.2021 12:00
  • 4k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň, şeýle hem hut öz adyndan Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa hem-de onuň üsti bilen ýurduň ähli doganlyk halkyna Gyrgyz Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmen Lideri Gutlag hatynda Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Gyrgyzystanyň döwlet gurluşyny berkitmekde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we halkara giňişlikde ýurduň abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazanandygyny belledi. Şeýle hem Gutlagda Prezident Sadyr Žaparowyň şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek we iki ýurduň dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak ýolunda möhüm ähmiýetli tapgyra öwrülendigi nygtalýar.

Dostlukly döwletiň Baştutanyna Gutlagynda türkmen Lideri: «Men «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde ýaňy-ýakynda bolan duşuşygymyzy örän ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Şol duşuşykda açyklyk hem-de ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda türkmen-gyrgyz dostlugyny we hyzmatdaşlygyny ösdürmäge iki tarapyň hem çalyşýandygy hem-de taýýardygy ýene bir gezek tassyklandy» diýip, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de iki döwletiň halklarynyň bähbitlerine pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Mälim bolşy ýaly, ozalky Sowet Soýuzynyň düzümindäki beýleki respublikalar bilen hatarda, Gyrgyz Respublikasy hem 1991-nji ýylda döwlet Garaşsyzlygyny yglan etdi. Gyrgyz halky öz baş baýramyny her ýylyň 31-nji awgustynda giňden belleýär.


düýn 19:38
2.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......