Fransiýaly Saşa Žoýa 110 m aralyga päsgelçilikli ylgamakda ýetginjekleriň dünýä rekordyny goýdy

  • 22.08.2021 17:36
  • 6k+

Fransiýaly ýeňil atletikaçy Saşa Žoýa ýetginjekleriň arasynda dünýä çempionatynda 110 m aralyga päsgelçilikli ylgamakda ýetginjekleriň dünýä rekordyny goýdy. Ýaryşlar Naýrobide geçirilýär diýip, TASS habar berýär.

19 ýaşly ylgawçynyň netijesi 12,72 sekunt boldy, ol bir gün öň goýan rekordyny (12,93) täzeledi. Şonda ol karýerasynda ilkinji gezek 13 sekuntdan çykdy.

Fransiýaly türgen bu aralygy ulularyň dünýä rekordyndan (12,80) hem çalt geçdi, ýöne päsgelçilikleriň beýikliginiň tapawutlydygy sebäpli, bu rekord ulularyň arasynda dünýä derejesinde tassyklanmaz.

Žoýa 2021-nji ýylda Tallinde geçirilen ýetginjekleriň Ýewropa çempionatynyň hem ýeňijisidir. Naýrobidäki ýaryşlar 22-nji awgustda tamamlanar.


düýn 08:36
4.5k+

«Monako» Pol Pogba bilen gol çekişdi

Fransiýanyň “Monako” futbol kluby 32 ýaşly ýarymgoragçy Pol Pogba bilen şertnama baglaşandygyny resmi web sahypasynda habar berdi. Şertnama 2027-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli niýetlenendir. Pogba futbol karýerasyna Parižiň “Ruassi-an-Bri” we “Torsi” atly höwesjeňler klublarynda başlady...

25.06.2025 12:04
6.3k+

«Lion» futbol klubuny maliýe hasabatlylygyny bozandygy üçin 2-nji Liga düşürdiler

Fransiýanyň Milli gözegçilik we dolandyryş direktoraty (DNCG) «Lion» futbol klubuny maliýe hasabatlarynda ýüze çykan düzgün bozmalary sebäpli 2-nji Liga düşürmek kararyna geldi. Bu barada Fransiýanyň Professional futbol ligasynyň resmi saýtynda habar berilýär...

21.06.2025 12:22
8.2k+

“Liwerpul” “Baýerden” Florian Wirsi satyn aldy: APL üçin rekord transfer

20-nji iýunda “Liwerpul” Germaniýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Florian Wirsi Lewerkuzeniň “Baýerinden” satyn aldy. Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, transfer iňlis klubuna 125 mln ýewro düşdi, bu hem Premýer-liganyň taryhynda satyn alnan iň gymmat futbolçy boldy...

16.06.2025 11:05
4.1k+

Arman Dýuplantis şestli bökmekde 12-nji gezek dünýä rekordyny täzeledi

Iki gezek Olimpiýa çempiony Arman Dýuplantis şestli bökmekde täze dünýä rekordyny goýdy. Bu Stokgolmda geçirilen “Brilliant ligasy” tapgyrynda bolup geçdi. Ol ýaryşda 6,00 metr netije bilen ýeňiş gazandy, soňra birinji synanyşykda 6,28 metr beýiklikden geçdi...