Türkmenistan «Minsk traktor zawodynyň» ýörite tehnikalaryny satyn aldy

  • 18.08.2021 12:23
  • 14k+

«Minsk Traktor Zawody» (MTZ) Açyk paýdarlar jemgyýeti şu ýyl ilkinji gezek Türkmenistana öz önümçiliginiň ýörite tehnikalaryny iberdi. Bu barada kärhananyň metbugat gullugynda habar berildi.

Mundan başga-da, 2021-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda MTZ önümlerini Hindistana, Ýemene, Mali, Mongoliýa, Kongo DR we Madagaskara eksport edip başlady. Kompaniýanyň eksporty 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 43% ösüşe eýe boldy. Hususan-da, tehnikalar GDA ýurtlaryna 79,1%, beýleki ýurtlara - 30% gowşuryldy.

«Minsk traktor zawody» paýdarlar jemgyýeti 1946-njy ýylda esaslandyryldy. Kompaniýa dünýäniň oba hojalyk tehnikasyny öndürijileriň ilkinji sekizligine girýär. MTZ müşderilerine dürli howa we iş şertleri üçin niýetlenen ýüzden gowrak gurnama görnüşinde dürli görnüşli maşynlaryň 62 nusgasyny hödürleýär.


şu gün 08:54
5.7k+

Azerbaýjanyň Prezidentine ahalteke bedewi, Özbegistanyň Prezidentine köşekli düýe sowgat berildi

22-nji awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň, Azer­baý­janyň we Öz­be­gis­tanyň Pre­zi­den­tleriniň met­bu­gat mas­la­ha­ty ta­mam­la­nan­dan soň­ra, ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki üç­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk my­na­sy­bet­li me­de­ni çä­re­le­r geçirildi...

şu gün 08:40
1.9k+

«Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan» formatyndaky üçtaraplaýyn duşuşygynda gol çekilen resminamalar

22-nji awgustda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşygy tamamlanandan soňra, resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Dabaranyň çäklerinde:...

şu gün 08:31
1.2k+

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan söwda gatnaşyklaryny giňeltmek meselelerini maslahatlaşdy

22-nji awgustda geçirilen «Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan» formatyndaky üçtaraplaýyn duşuşygyň barşynda özara haryt dolanyşygyny ep-esli artdyrmak, ykdysady ösüşi höweslendirmek meselelerine möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy...

şu gün 08:14
2.3k+

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan bitewi ulag strategiýasyny döretmek başlangyjyny maslahatlaşýar

22-nji awgustda “Awazada” geçirilen «Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan» formatyndaky üçtaraplaýyn duşuşygyň barşynda eden çykyşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow üçtaraplaýyn hyzmatdaşlykda ulag ulgamynyň aýratyn ähmiýetli orny eýeleýändigini belledi...