18-nji awgustda türkmenistanlylara nähili howa garaşýar?

18-nji awgustda türkmenistanlylara nähili howa garaşýar?

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň 18-nji awgustda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny siziň dykgatyňyza ýetirýär.

Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +21... +23°, gündizine +34... +36° maýyl bolar. Howanyň basyşy 733 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +23... +28° maýyl, gündizine +34... +39° yssy, kenarýaka etraplarynda +30... +35° maýyl bolar.
Türkmenbaşy şäherinde: howa +33... +35°, basyşy 752 mm, çyglylygy 20 — 40 %.
Awazada: howa +32... +34°, basyşy 757 mm, çyglylygy 25 — 45 %.
Balkanabat şäherinde: howa +37... +39°, basyşy 759 mm, çyglylygy 15 — 35 %.

Ahal welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +18... +23° maýyl, gündizine +32... +37° yssy bolar.
Änew şäherinde: howa +35... +37°, basyşy 735 mm, çyglylygy 10 — 30 %.
Tejen şäherinde: howa +34... +36°, basyşy 741 mm, çyglylygy 15 — 35 %.

Mary welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +16... +21°, gündizine +31... +36° maýyl bolar.
Mary şäherinde: howa +34... +36°, basyşy 734 mm, çyglylygy 15 — 35 %.
Baýramaly şäherinde: howa +33... +35°, basyşy 733 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Lebap welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +16... +21° maýyl, gündizine +32... +37° yssy bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +33... +35°, basyşy 738 mm, çyglylygy 15 — 35 %.
Kerki şäherinde: howa +34... +36°, basyşy 733 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +18... +23° maýyl, gündizine +32... +37° yssy bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +35... +37°, basyşy 751 mm, çyglylygy 20 — 40 %.
Köneürgenç şäherinde: howa +33... +35°, basyşy 753 mm, çyglylygy 25 — 45 %.