Hytaýda almaz ýaly berk aýna döredildi

  • 12.08.2021 22:58
  • 10k+

Hytaýly ylmy barlagçylar almazyň ýüzünde aňsatlyk bilen yz galdyryp bilýän dünýäde iň berk aýnany - AM-III materialyny döretdiler. Bu barada ferra.ru habar berdi.

AM-III - durşuna ugleroddan ybarat bolan aňyrsy görnüp duran dury materialdyr. Ol Wikers boýunça gatylyk synagynda 113 gigapaskal netije görkezdi. Deňeşdirip görende, tebigy almazyň gatylygy, adatça, 50-den 70 gigapaskala çenli, käbir emeli daşlaryňky bolsa 100 gigapaskala çenli bolýar.

Elbetde, täze aýna önümi entek köpçülikleýin öndürilmekden uzakda. Şeýle-de bolsa, AM-III-den ýasalan ok geçirmeýän penjire häzirki zaman önümlerinden 20-100 esse berk bolup biler.

Mundan başga-da, AM-III materialy kremniý ýaly täsirli ýarymgeçiriji hasaplanýar. Munuň netijesinde, material fotoelektrik enjamlarynda giňden ulanylyp bilner.


düýn 20:39
6.2k+

Pomidorlar "gygyrýar": alymlar ösümlikleriň seslerini ýazga aldylar

Ösümlikler agyryny duýanda özboluşly "gykylyk" çykarýarlar. Tel-Awiw uniwersitetiniň alymlary 2023-nji ýylda pomidor we temmäki ösümlikleri bilen geçirilen synaglar wagtynda olaryň azar berlende çykarýan......

28.04.2026 23:08
2.6k+

Genetikler DNK analizi arkaly rim imperatory Otto I-niň şahsyýetini tassykladylar

Magdeburg ybadathanasyndan tapylan galyndylaryň imperator Otto I-niňkidigi genetiki derňewler arkaly tassyklandy. Bu barada alymlar DNK barlaglaryny geçirenlerinden soň habar berdiler....

28.04.2026 23:04
1.8k+

Hytaýyň Yutu-2 roweri Aýdaky iň uzak ömürli apparat boldy

Hytaýyň Yutu-2 roweri Aýyň üstündäki iň uzak ömürli apparat boldy. Hasaplamalara görä üç aý hyzmat etmeli rower ýedi ýyldan gowrak wagt bäri Aýyň beýleki tarapyny söküp ýör....

28.04.2026 17:38
3.2k+

Daşky magnit meýdany bolmadyk täsin magnit döredildi

Daniýaly alymlar täsin bir material – hrom-pirazin (Cr(pyrazine)₃) atly magnit oýlap tapdylar. Onuň adaty magnitlerden esasly tapawutly tarapy, özünde magnit güýji bar bolsa-da, daşyna hiç hili magnit......