Braziliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda ýeňiji boldy

  • 09.08.2021 01:10
  • 8.2k+

Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda erkekleriň arasynda geçirilen futbol ýaryşynda Braziliýanyň milli ýygyndysy ýeňiji boldy. Olar aýgytly oýunda ispaniýalylary 2:1 hasabynda utup, çempion boldular. Oýnuň netijesi goşmaça wagtda çözüldi.

Braziliýalylar üçin bu Olimpiadada yzygider ikinji ýeňiş boldy. Mundan öň olar 2016-njy ýylda Rio-de-Žaneýroda altyn medal gazandylar. Şeýle-de, bu Braziliýanyň topary üçin onuň Oýunlardaky çykyşynyň taryhynda ikinji Olimpiýa altyn medaly boldy. 

Finalda aýgytly goly Malkom girizdi. Şeýle-de, braziliýalylardan Mateus Kunýa, ispaniýalylardan bolsa Mikel Oýýarsabal tapawutlandy.

Mundan öň, zenanlaryň arasynda geçirilen futbol boýunça Olimpiýa ýaryşynda ilkinji gezek Kanadanyň milli ýygyndysy ýeňiji boldy. Finalda kanadalylar Şwesiýanyň topary bilen oýnadylar. Duşuşygyň esasy we goşmaça wagty 1:1 hasaby bilen tamamlandy, oýundan soňky penalti seriýasynda Kanadanyň topary güýçli boldy – 2:3.


şu gün 15:42
1.2k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

düýn 20:28
10k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
11k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.6k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......