ABŞ planetany halas etmek boýunça milliardlarça dollarlyk meýilnamany işläp düzdi

  • 05.08.2021 07:49
  • 13k+

ABŞ-da wodorod energetika ulgamyny gurmak barada kanun taslamasy işlenip düzüldi. Taslama sekiz milliard dollar möçberinde maýa goýumyny göz öňünde tutýar diýip, Bloomberg ýazýar. Muny lenta.ru ýetirýär.

Howanyň üýtgemegine garşy göreşmegiň we planetany halas etmegiň açary hasaplanýan ABŞ-da wodorod energetika ulgamynyň gurulmagy gazylyp alynýan ýangyçlara esaslanar. Ony durmuşa geçirmek sekiz milliard dollara düşer. Azyndan üç sebit merkezini döretmek göz öňünde tutulýar. Olarda wodorod tebigy gazdan, gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden we ýadro energetikasynyň kömegi bilen alnar. 
Wodorod bug gazlaryny öndürmezden, turbinalary, peçleri we ýangyç elementlerini herekete getirip bilýändigi üçin uglerod zyňyndylaryny azaltmakda esasy faktor bolup biler. Ýöne häzirki wagtda wodorod çeşmeleriniň aglaba köplügi gazylyp alynýan ýangyçdyr. Mysal üçin, kömürturşy gazyny çykarýan tebigy gaz. Wodorodyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmegi üçin bu zyňyndylary tutmak, soňra beýleki önümlerde ulanmak ýa-da konserwirlemek gerek. Kanun taslamasy kömürturşy gazyny tutmak tehnologiýasyna hem maýa goýumy göz öňünde tutýar.
Mundan başga-da, kanun taslamasy elektroliziň kömegi bilen suwdan wodorod almak boýunça taslama üçin bir milliard dollar grant berilmegini göz öňünde tutýar. 


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....