Pfizer we Moderna koronawirusa garşy sanjymlarynyň bahasyny gymmatlatdy

Pfizer we Moderna koronawirusa garşy sanjymlarynyň bahasyny gymmatlatdy

Pfizer we Moderna farmasewtik kompaniýalary Ýewropa Bileleşigi üçin koronawirusa garşy sanjymlarynyň bahasyny ýokarlandyrdylar. Bu barada «Financial Times» britan neşiri ýazýar.

Gazetiň habaryna görä, Pfizer-iň bir dozasynyň bahasy öňküsi ýaly 15,50 funt däl-de, 19,50 funt bolar. Şeýlelik bilen, nemes-amerikan sanjymynyň bahasy takmynan 25% ýokarlanar.
Moderna-nyň bir dozasynyň bahasy 19 ýewrodan 21,50 ýewro çenli ýokarlanar.
Ýewropa ýurtlarynyň birnäçesiniň ýaşaýjylara sanjymyň üçünji dozasyny etmek karary olaryň bahasyna gaýtadan seredilmegine getirdi. Üçünji sanjym ilkinji iki sanjymdan alty aý soň edilmeli.
Işläp düzüjiler, mRNK sanjymlarynyň wektor sanjymlaryndan has täsirlidigini görkezýän synaglaryň üçünji tapgyrynyň netijelerine esaslanyp, dermanlarynyň bahasyny ýokarlandyrmak kararyna geldiler. Mundan başga-da, ulanylandan soň zyýanly täsirler arzan AstraZeneca we Johnson & Johnson sanjymlaryna görä has pesdir.
Neşirde Ýewropa Bileleşigi sanjymy täze bahadan satyn almak barada ylalaşdy diýlip bellenilýär.