AstraZeneca “islegiň pesligi” sebäpli COVID-19-a garşy sanjymyny satuwdan aýyrýar

  • 10.05.2024 13:28
  • 4.9k+

Britan-şwed farmasewtik kompaniýasy AstraZeneca COVID-19-a garşy Vaxzevria sanjymyny tutuş dünýä boýunça yzyna gaýtarýandygyny mälim etdi. Kompaniýa bu çözgüdi resmi taýdan islegiň ýoklugy bilen düşündirdi diýip, BBC habar berýär.

Sanjym koronawirus pandemiýasy döwründe çykarylan ilkinji sanjymlaryň biri bolup, ulanylan ilkinji ýylynda alty milliondan gowrak adam ömrüni halas etdi.
Ýöne, yzyna gaýtarmak baradaky bildirişden birnäçe aý öň, AstraZeneca kazyýet resminamalarynda sanjymyň käbir ýagdaýlarda adam janyna howp salýan ganyň lagtalanmagy ýaly täsiri ýüze çykaryp bilýändigini boýun aldy. Trombositopeniýa sindromly tromboz (TTS) hökmünde belli bolan bu seýrek goşmaça täsir Beýik Britaniýada azyndan 81 ölüm hadysasy, şeýle-de ýüzlerçe düýpli şikesler bilen baglanyşykly boldy.
Kompaniýa sanjymyň yzyna gaýtarylmagynyň kazyýet işleri ýa-da onuň TTS ýüze çykaryp biljekdigi bilen baglanyşykly däldigini nygtaýar. Kompaniýanyň beýanynda munuň diňe tötänleýin gabat gelmedigi aýdylýar we Vaxzevria sanjymynyň global pandemiýa garşy göreşde möhüm ähmiýeti bellenilýär.
Şeýle-de, sanjymyň ulanylyşynyň ilkinji ýylynda 6,5 million adam ömrüni halas edendigi, tutuş dünýä boýunça bolsa 3 milliarddan gowrak dozanyň iberilendigi aýdylýar.
AstraZeneca şondan bäri COVID-19-yň köp görnüşlerine garşy sanjymlaryň taýýarlanandygyny we täzelenen sanjymlaryň örän köpdügini, munuň bolsa önümçiligini we satuwyny bes etmek kararyna gelnen Vaxzevria sanjymyna islegiň peselmegine sebäp bolandygyny belleýär.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......