Gurbanguly Berdimuhamedow welaýat we etrap häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

  • 03.08.2021 13:57
  • 10k+

2-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly welaýatlaryň hem-de olaryň etraplarynyň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek hem- Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutany maslahatyň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, sanly ulgam arkaly Ahal welaýatynyň hem-de bu sebitiň etraplarynyň häkimleriniň hasabatlaryny diňledi. Häkimler degişlilikde, gowaça ekilen meýdanlarda bol hasyl ýetişdirmek üçin hatarara bejergi işlerini geçirmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak hem-de gowaçalaryň ujuny çyrpmak boýunça degişli işleriň geçirilýändigi, şeýle hem geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça sürüm, tekizleýiş hem-de suw tutmaga taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy barada hasabatlary bilen çykyş etdiler.
Şeýle hem sebitlerde güýzlük ýeralmanyň, gök we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde tamamlamak, bu işde oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny netijeli ulanmak hem-de önüm öndürijileri zerur tohum bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabatlar diňlenilip, döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna gabatlanyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarda gurluşyk işleriniň depginleri, baýramçylyk medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.
Türkmen Lideri hasabatlary diňläp, welaýatlaryň obasenagat toplumyny mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri doly ulanmagyň zerurdygyny, bugdaý ekmek üçin niýetlenen ýerleri, tehnikalary we ýöriteleşdirilen enjamlary möwsüme taýýarlap, daýhanlary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmelidigini belledi. Ilatymyzy gök we beýleki önümler bilen ýylyň dowamynda üpjün etmegiň möhümdigi nygtalyp, güýzlük ýeralmany, dürli gök önümleri, gant şugundyryny ösdürip ýetişdirmek, olara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek barada häkimlere anyk görkezmeler berildi.


şu gün 10:31
3.2k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Bitaraplygyň ýubileý medaly bilen sylaglady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi...

14.12.2025 10:19
4.7k+

Aşgabatda daşary ýurt raýatlaryny we ýurdumyzyň ýaşululary sylaglamak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde daşary ýurtlaryň raýatlaryna we Türkmenistanyň hormatly ýaşulularyna «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we ýadygärlik kümüş nyşanyny gowşurmak dabarasy boldy...

13.12.2025 13:16
6.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynda çykyş etdi

12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara forumyň plenar mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi...

13.12.2025 12:58
7.8k+

Gurbanguly Berdimuhamedow halkara guramalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi

12-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň çäklerinde birnäçe iri halkara guramalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi...