Fettel Wengriýanyň Gran-Pri-sinde ikinji ornundan mahrum edildi

  • 02.08.2021 18:20
  • 5.1k+

«Aston Martin» toparynyň nemes sürüjisi Sebastian Fettel Wengriýanyň Gran-Pri-sinde ikinji orundan mahrum edildi. Bu barada Lenta.ru «Formula-1-iň» metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Bäsleşigi guraýjylar, pilotyň barlag üçin zerur bolan ýangyç mukdaryny görkezip bilmändir. Eminler 1-nji awgustda geçirilen ýaryşlardan soň geçirilen tehniki barlaglar wagtynda Sebastian bokslara gaýdyp barmak aýlawyny tamamlamandygyna garamazdan, onuň awtoulagynyň ýangyç bagynda bir litrden az ýangyjyň bardygyny anykladylar. Formula-1-iň düzgünlerine laýyklykda, bakda barlag üçin ýangyç az bolsa (1 litrden), onda sürüji ýaryşdan aýrylýar.
Şeýlelikde, Fettel Wengriýanyň Gran-Pri-sinde ýeňijiler münberinden aýryldy. Onuň ýerine öň üçünji orny eýelän “Mersedesiň” sürüjisi Lýuis Hemilton, üçünji orna bolsa “Ferrari”-den Karlos Sains geçdi.
Formula-1-iň indiki tapgyry Belgiýada 29-njy awgustda geçiriler.


27.10.2025 14:39
1.7k+

Formula-1-iň lideri çalyşdy: Norris şahsy hasapda topardaşy Piastriden geçdi

Meksikada ýerleşýän "Doganlar Rodriges adyndaky awtodrom" ýokary belentlikdäki ýolda Formula-1 dünýä çempionatynyň 20-nji tapgyry — Meksikanyň Gran-prisi geçirildi. Bu ýaryşda «McLaren» toparynyň britaniýaly sürüjisi Lando Norris ýeňiş gazanyp, karýerasynyň iň güýçli çykyşlarynyň birini görkezdi...

26.10.2025 09:40
4.5k+

SportsPro 2025-nji ýylyň iň köp gyzyklanma bildirilýän türgenleriniň reýtingini hödürledi

SportsPro žurnaly 2025-nji ýylyň iň köp isleg bildirilýän türgenleriniň reýtingini hödürledi. Sanawy düzüjiler isleg görkezijisini üç ölçeg: şahsy brendiň güýji, ykdysady mümkinçilikler we elýeterli bazar gurşawy, ýagny öz sport görnüşinde gazanç mümkinçiligi boýunça hasaplady...

20.10.2025 14:04
1.5k+

Werstappen ABŞ-nyň Gran-prisini utup, çempionatda Piastriden aratapawudyny azaltdy

19-njy oktýabrda, ýekşenbe güni Ostindäki Circuit of the Americas ýaryş ýolunda Formula-1 çempionatynyň 19-njy tapgyry – ABŞ-nyň Gran-prisi geçdi. Onda “Red Bulluň” niderlandly sürüjisi Maks Werstappen ýeňiş gazandy...

19.10.2025 16:46
1.5k+

Apple ABŞ-da “Formula-1-i” ýaýlyma bermek üçin 750 mln dollara hukuk satyn aldy

Apple ABŞ-da “Formula-1” ýaryşlaryny ýaýlyma bermek üçin aýratyn hukuk satyn aldy. Bu barada çempionatyň metbugat gullugy habar berýär. Hyzmatdaşlyk barada şertnama bäş ýyl möhlet bilen baglaşyldy. Variety neşiriniň maglumatlaryna görä, şertnamanyň bahasy, takmynan, 750 mln dollar boldy...