Bred Pittiň düşen “Formula 1” ýaryş dramasy Apple-iň iň köp girdeji gazanan filmi boldy

  • 08.07.2025 10:57
  • 3.9k+

Bred Pittiň baş keşbi janlandyrmagynda düşürilen “Formula 1” filmi 10 günde 293,6 million dollar girdeji gazandy we Apple Studios-yň dünýä kinoteatr prokatynda iň köp girdeji gazanan taslamasyna öwrüldi diýip, Variety ýazýar.

Film Ridli Skottuň 2023-nji ýylda 221 million dollar girdeji gazanan “Napoleon” taryhy dramasyndan öňe geçdi.
Ondan öň Apple-iň beýleki kinoteatr relizleri känbir üstünlik gazanyp bilmändi: “Gül Aýynyň ganhorlary” (“Убийцы цветочной луны”), “Argaýl: Super içaly” (“Аргайл: Супершпион”) we “Maňa Aýy görkez” (“Покажи мне Луну”) kassa ýygymynda şowsuzlyga uçrapdy.
“Formula 1” öňki ýaryşçy Sonny Heýsi (Pitt) hakda gürrüň berýär, ol ýaş we geljegi uly sürüji Joşua Pirse (keşbini Demson Idris ýerine ýetirýär) tälim bermegi öz üstüne alýar. Filmi goýujy - Jozef Kosinski (Top Gan: Mewerik). Şeýle hem filmde Hawýer Bardem we Kerri Kondon surata düşdi.
Habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, filmiň önümçiligine takmynan 300 million dollar sarp edildi. Apple-iň filmiň dowamyny döretmek mümkinçiligine seredýändigi bellendi.


23.05.2026 16:21
10k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.5k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......