Ýaponiýaly Nagase we fransuz Agbenýenu dzýudo boýunça Olimpiýa ýaryşynyň altyn medalyny gazandylar

  • 28.07.2021 15:04
  • 3.2k+

Ýaponiýaly Takanori Nagase (81 kg) we fransuz Klariss Agbenýenu (63 kg) öz agram kategoriýalarynda dzýudo boýunça Olimpiýa ýaryşynyň altyn medalyny gazandylar. 

Altyn medal üçin söweşde ýaponiýaly türgen Mongoliýanyň wekili Said Mollaýeni ýeňdi. Eks-eýranly Olimpiadanyň kümüş baýrakçysy boldy. Bürünç medallary Awstriýanyň wekili Şamil Borçaşwili we belgiýaly Mattias Kasse aldy. 
Zenanlaryň söweşinde Klariss Agbenýenu ýeňilmän finala çykdy we bu tapgyrda sloweniýaly Tina Trstenýagy ýeňdi. Trstenýak kümüş medala mynasyp boldy. Italiýaly Mariýa Çetraççi we kanadaly Katrin Buşemin ýaryşyň bürünç medalyny aldy.
Nagase 27 ýaşynda, ol Olimpiadanyň (2016) bürünç baýrakçysy, şeýle-de dünýä çempionatynyň (2015) altyn medalynyň eýesidir. 
Agbenýenu – fransuz dzýudosynyň taryhynda iň köp baýrakly türgen: 2016-njy ýyldaky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş baýrakçysy, bäş gezek dünýä çempiony, dört gezek Ýewropa çempiony. 


14.05.2026 10:38
3.2k+

«PSŽ» 14-nji we yzygider bäşinji gezek Fransiýanyň çempiony boldy

«PSŽ» möhletinden ir Fransiýanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy....

13.05.2026 09:28
3.6k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

18.04.2026 12:16
2.6k+

«Marsel» futbol kluby täze logotipini tanyşdyrdy

Fransiýanyň «Marsel» futbol kluby 2026/2027-nji ýyl möwsüminden başlap ulanyljak täze logotipini hödürledi....

02.04.2026 14:36
11k+

FIFA ýygyndylaryň reýtingini täzeledi: Fransiýa indi birinji. Türkmenistan üçin näme üýtgedi?

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli ýygyndy toparlaryň reýtingini 2026-njy ýylda ikinji gezek täzeledi (birinji täzelenme ýanwar aýynda bolupdy). Täze sanaw guramanyň resmi sahypasynda ýerleşdirildi....