Hytaýly ştangaçy Çen Liszýun 67 kg çenli agramda Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazandy

Hytaýly ştangaçy Çen Liszýun 67 kg çenli agramda Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazandy

Hytaýly türgen Çen Liszýun 67 kg çenli agram kategoriýasynda agyr atletika boýunça Olimpiýa ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Ol 332 kg netijäni (ilkinji synanyşykda – 145 kg, itekläp götermekde – 187 kg) görkezdi. Kümüş medaly kolumbiýaly Luis Hawýer Moskera (331 kg), bürünç medaly italiýaly Mirko Zanni (322 kg) aldy.

Çen Liszýun üç Olimpiýa rekordyny goýdy: ilkinji synanyşykda, itekläp götermekde we iki maşkyň jemi boýunça.
28 ýaşly Çen Liszýun dört gezek dünýä çempiony (2013, 2015, 2018, 2019) we iki gezek Aziýa çempionatynyň ýeňijisidir (2019, 2020). Şeýle-de, hytaýly türgene iki maşkyň jemi boýunça dünýä rekordy (339 kg) degişli.
Bu altyn medal Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda Hytaýyň milli ýygyndysy üçin altynjy boldy. Hytaý toparynyň hasabynda eýýäm 11 baýrak bar (6 altyn, 1 kümüş we 4 bürünç). Olimpiýa oýunlary 8-nji awgustda tamamlanar.