Türkmenistan ÝUNESKO-nyň garamagyna birnäçe teklipleri hödürledi

  • 24.07.2021 19:27
  • 6k+

23-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek mejlisiň esasy meseleleriniň biri boldy.

Mejlisiň başynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer Türkmenistanyň BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, degişli teklipler hödürlenildi.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň dowamynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna Türkmenistanyň köptaraplaýyn we milli hödürnamalaryny girizmek boýunça degişli işler dowam etdirildi. Hususan-da, Özbegistan we Täjigistan bilen bilelikde «Beýik Ýüpek ýolunyň Zarawşan — Garagum geçelgesi» hem-de Eýran Yslam Respublikasy bilen bilelikde «Türkmeniň keşdeçilik sungaty» atly köptaraplaýyn hödürnamalar doly taýýarlanylyp, ÝUNESKO-nyň sekretariatyna tabşyryldy. Bu hödürnamalar boýunça çözgütleriň 2022-nji ýylda kabul edilmegine garaşylýar.
Milli hödürnamalar barada aýdylanda, ÝUNESKO-nyň «Şäherleriň döredijilik toruna» Aşgabat şäherini girizmek boýunça resminamalaryň doly taýýarlanylandygyny hem-de bu guramanyň sekretariatyna tabşyrylandygyny bellemek gerek. Bu babatda gutarnykly çözgüdiň şu ýylyň 29-njy oktýabrynda yglan edilmegine garaşylýar.
ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek üçin «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly hödürnama boýunça resminamalaryň toplumy hem dolulygyna bu gurama tabşyryldy. Bu bölüm boýunça netijäniň şu ýylyň dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Maddy däl gymmatlyklar boýunça komitetiň çäginde kabul edilmegine garaşylýar.
Şeýle hem Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň aram guşaklykdaky çölleriniň goraghanalaryny öz içine alýan «Aram guşaklygyň Turan çölleri» atly transmilli hödürnamany taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Bu hödürnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň üç sany, ýagny Repetek biosfera, Bereketli Garagum we Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanalarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanynyň goldaw bermeginde, Köýtendag ekoulgamyny hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça resminamalar taýýarlanylýar. Olary baýlaşdyrmak, ylmy-barlag maglumat bilen üpjünçiligini artdyrmak we bu ugurda halkara tejribäni çekmek maksady bilen, ABŞ-nyň Uly landşaftlary goramak merkezi bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek teklip edilýär.
Beýan edilen teklipleri nazara almak bilen, özara düşünişmek barada Ähtnamanyň taslamasyny taýýarlamagyň möhümdigi bellenildi. ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ekologiýa, daşky gurşawy goramak, ekoulgamlar hem-de tebigy baýlyklary Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek meselelerinde ösdürmek maksady bilen, bu guramanyň «Adam we biosfera» atly halkara maksatnamasynyň çäklerinde işleri güýçlendirmek teklip edilýär. Onuň düzgünlerine laýyklykda, ÝUNESKO-nyň agza ýurtlarynda ugurdaş milli komitetler döredilýär.
Türkmen Lideri ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmegiň, degişli ugurda yzygiderli işleri geçirmegiň, Türkmenistanyň öňe süren netijeli başlangyçlaryny ilerletmegiň möhümdigini belläp, bu babatda wise-premýere, daşary işler ministrine hem-de degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.


şu gün 11:16
1.1k+

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......

düýn 16:11
1.6k+

15 sany çeper elli zenana «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy

Aşgabatda bellenilip geçilen Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde halyçylyk pudagynyň işgärlerini we çeper elli zenanlaryny sarpalamak dabarasy boldy....

düýn 14:36
2.6k+

Şu gün dünýäde we Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär

Tomsuň ilkinji güni bolan 1-nji iýunda dünýäniň köp ýurtlarynda parahatçylygyň, ýagşylygyň we ýylgyryşyň baýramy bolan Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär....

düýn 14:04
2.6k+

«Türkmenhaly» halyçylyk senediniň ösüşindäki goşandy üçin TÜRKSOÝ-yň diplomyny aldy

Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde «Türkmenhaly» döwlet birleşigi türki dünýäde halyçylyk senedini ösdürmäge goşan uly goşandy üçin Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýörite diplomyna mynasyp......