Şanhaýda dünýädäki iň uly planetariý resmi taýdan açyldy

  • 20.07.2021 10:13
  • 5.3k+

Dünýädäki iň ulusy bolan Şanhaýdaky planetariý ýekşenbe güni resmi taýdan myhmanlary kabul edip başlady. Toplumyň töwereginde ir bilen uly nobat peýda boldy. Planetariýniň içine diňe öňünden satyn alnan petek bilen ýazylmak arkaly girip bolýardy. Geljek hepde üçin ähli petekler satuw başlanandan birnäçe sagadyň içinde satyldy. Ilkinji iş güni toplumyň ýerleşýän ýerinde bir kilometr aralykdaky awtoduralgalaryň ählisi diýen ýaly doldy. Netijede, sürüjiler bir awtoulag ýerini boşadýança, nobatlaryna garaşmaly boldular diýip, TASS habar berýär.

Resmi açylyşdan öň, planetariýniň administrasiýasy myhmanlary kabul edip başlamazdan ozal desganyň işleýşini barlamak üçin birnäçe gün “Açyk gapylar gününi” geçirdi. 18-nji iýulda, planetariýniň ilkinji iş gününde myhmanlaryň sany 6 müň töweregi boldy.
Gurluşygy 2016-njy ýylyň noýabrynda başlan toplum Pudun etrabynyň Lingan erkin söwda zolagynda ýerleşýär. Esasy binanyň umumy meýdany 38 müň inedördül metr, tutuş toplumyň umumy meýdany 58,6 müň inedördül metre barabar.
Planetariý esasy we goşmaça binalardan, şol sanda ýaşlar üçin gözleg merkezinden we iki jemgyýetçilik obserwatoriýasyndan ybarat. Myhmanlar sergi böleginde 70 töweregi düri meteorit böleklerini, Aýyň, Marsyň we Westa asteroidiniň artefaktlaryny görüp bilerler. Şeýle-de, planetariýniň myhmanlary emeli intellekt tehnologiýasynyň, wirtual we üsti ýetirilen reallygyň kömegi bilen Älem giňişligine aralaşmaga mümkinçilik alarlar.


düýn 19:18
2.4k+

Paleontologlar dinozawryň täze görnüşini açdylar: Ol tas 110 ýyllap köpçüligiň göz öňünde durdy

Paleontologlar köne kolleksiýalaryň arasyndaky muzeý witrinasynda dinozawryň täze görnüşini tapdylar. Bu, alymlaryň 1916-njy ýylda tapylan ördek burunly gadrozawridanyň nusgasyny täzeden öwrenenlerinden soň ýüze çykdy...

15.12.2025 17:03
7.2k+

Tanis şäherinden tapylan 225 heýkeljik mazarda ýatan faraonyň adyny anyklamaga ýardam etdi

Arheologlar Nil deltasyndaky gadymy Tanis şäherinde ýerleşýän şa mazaryndan 225 sany jaýlamak üçin niýetlenen heýkeljik tapdylar. Bu artefaktlaryň ýüzündäki nyşanlar atsyz sarkofagda ýatan merhumyň şahsyýetini anyklamaga mümkinçilik berdi: ol faraon Şeşonk III bolup çykdy...

15.12.2025 15:06
3.9k+

400 müň ýyllyk oduň yzy tapyldy: neandertallar Homo sapiens-den has öň ot ýakypdyr

Arheologlar Suffolk graflygyndaky arheologik ýadygärligiň çäginde adamlaryň 400 müň ýyl mundan ozal – öňki hasap edilenden tas 350 müň ýyl ir ot ýakmagy öwrenendigine subutnama tapdy. Ylmy gözleg Nature žurnalynda neşir edildi...

14.12.2025 23:36
5.2k+

Geň soňlama: Hytaýda daşdan düwnüp heläk bolan gadymy guş tapyldy

Paleontologlar Hytaýyň Týanýu Tebigy Taryh Muzeýiniň zat saklanýan ýerlerinde adaty bolmadyk açyş etdiler. Geçirilen barlagda öň mälim bolmadyk guş görnüşiniň köp sanly ýuwdulan daşlardan düwnüp ölendigini görkezýän galyndy tapyldy...