Fitch Ratings Inc Türkmenistana karz bermäge ukyplylyk reýtingini berer

  • 16.07.2021 16:29
  • 11k+

«Fitch» reýting agentligi Türkmenistana maýa goýum derejesini kesgitleýän karz bermäge ukyplylyk reýtingini berer. Bu ugurda gepleşikler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň metbugat beýanynda aýdylýar.

2020-nji ýylyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň esasy serişdelerine goýlan maýa goýumlarynyň umumy mukdary 10 milliard ABŞ dollaryndan gowrak bolup, jemi içerki önümiň takmynan 23%-e barabardyr. Ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň maglumatyna görä, maýa goýumlaryň umumy mukdaryndan 60%-den gowragy önümçilik pudagynda taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirildi.
Umumy maýa goýum mukdarynda daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy ýokary derejede saklanýar, ýagny takmynan 15%. Häzirki wagtda Türkmenistanda 100-den gowrak ýurtlardan daşary ýurt kompaniýalary maýa goýum işlerini alyp barýarlar. Bu kompaniýalar bir ýarym müňden gowrak maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirýärler.
2019-njy ýyldan başlap, Türkmenistan daşary ýurt maýadarlaryna we milli telekeçilere hyzmatdaşlygy has işjeň birleşdirmäge we giňeltmäge mümkinçilik berýän halkara maliýe hasabatlylyk standartlaryna geçdi. Mundan başga-da, bu ýagdaý maliýe hasabatlylygynyň we öndürijilik düzgüniniň aýdyňlygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
Bilşimiz ýaly, Türkmenistan geçen ýylyň iýulynda Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde goşuldy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň kanunçylygyny halkara talaplaryna we ülňülerine laýyk getirmek, ýurtdaky maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak we maýa goýum amallaryny höweslendirýän şertleri döretmek boýunça işler giňden ýola goýuldy.
Ýurdumyzdaky maýa goýum işlerini döwlet tarapyndan kadalaşdyrmagyň kanuny esasyny döretmek boýunça möhüm işler edildi. Türkmenistanyň kanunçylygy daşary ýurt maýadarlaryna goýlan maýanyň doly goralmagyny kepillendirýär. Salgyt tölenenden soň daşary ýurt maýadarlarynyň girdejileri öz ygtyýarynda galýar we Türkmenistanyň çägine täzeden maýa goýup ýa-da yzyna iberilip bilner.

Fitch Ratings Inc, esasan, reýting (baha beriş) agentligi hökmünde tanalýan Amerikan korporasiýasydyr. “Fitch Ratings”, “Standard & Poor’s” we “Moody's” bilen bir hatarda halkara reýting agentlikleriniň “uly üçlügine” girýär.


şu gün 12:20
287

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

düýn 10:04
5.2k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 22:20
6.4k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......