Türkmenistanda 15-nji iýulda nähili howa garaşýar?

Türkmenistanda 15-nji iýulda nähili howa garaşýar?

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 15-nji iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny size ýetirýär.

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, irden az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +24... +26°, gündizine +33... +35° maýyl bolar. Howanyň basyşy 733 mm, çyglylygy 30 — 50 %.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +21... +26°, gündizine +31... +36°, kenarýaka etraplarynda +29... +34° maýyl bolar.
Türkmenbaşy şäherinde: howa +32... +34°, basyşy 748 mm, çyglylygy 40 — 60 %.
Awazada: howa +31... +33°, basyşy 755 mm, çyglylygy 45 — 65 %.
Balkanabat şäherinde: howa +34... +36°, basyşy 756 mm, çyglylygy 35 — 55 %.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22... +27° maýyl, gündizine +32... +37° yssy bolar.
Änew şäherinde: howa +34... +36°, basyşy 734 mm, çyglylygy 35 — 55 %.
Tejen şäherinde: howa +35... +37°, basyşy 738 mm, çyglylygy 20 — 40 %.

Mary welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +21... +26° maýyl, gündizine +33... +38° yssy bolar.
Mary şäherinde: howa +38... +40°, basyşy 734 mm, çyglylygy 10 — 30 %.
Baýramaly şäherinde: howa +36... +38°, basyşy 734 mm, çyglylygy 15 — 35 %.

Lebap welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +21... +26° maýyl, gündizine +33... +38° yssy bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +34... +36°, basyşy 737 mm, çyglylygy 15 — 35 %.
Kerki şäherinde: howa +35... +37°, basyşy 733 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +18... +23°, gündizine +31... +36° maýyl bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +33... +35°, basyşy 750 mm, çyglylygy 20 — 40 %.
Köneürgenç şäherinde: howa +32... +34°, basyşy 751 mm, çyglylygy 25 — 45 %.