Gazagystan COVID-19-a garşy sanjymyny öndüriji zawody işe girizmegi meýilleşdirýär

Gazagystan COVID-19-a garşy sanjymyny öndüriji  zawody işe girizmegi meýilleşdirýär

Gazagystanyň häkimiýetleri sentýabr aýynda Žambyl welaýatynyň Gwardeýskiý şäherçesinde QazVac koronawirusa garşy ýerli sanjymyň önümçiligini ýola goýmak üçin täze biofarmasewtika zawodyny işe girizmegi meýilleşdirýärler. Bu barada şenbe güni geçirilen hökümetiň giňişleýin mejlisinde respublikanyň wise-premýeri Ýoraly Tugžanow aýtdy. Muny TASS ýetirýär.

“Biofarmasewtika zawodynyň işe girizilmeginiň soňky tapgyry dowam edýär. Şu ýylyň 19-njy iýunynda zawodyň barlag işi üstünlikli geçirildi. GMP (halkara hil standartlary, Good Manufacturing Practice) şahadatnamasy we farmasewtika işini amal etmek üçin ygtyýarnama berildi. Şu ýylyň sentýabr aýyndan başlap, zawodda her aýda 600 müň doza möçber bilen QazVac sanjymynyň senagat önümçiligi ýola goýlar” – diýip, Tugžanow belledi.

QazVac sanjymyny döretmek bilen Gazagystanyň Biologiki howpsuzlyk meseleleriniň ylmy barlag institutynyň alymlary we hünärmenleri meşgullandy. Sanjymyň ilkinji toplumlary bu institutyň bazasynda öndürilip, sebitlere iberildi.
26-njy aprelden respublikada QazVac koronawirusa garşy derman serişdesi bilen sanjym işi başlandy. Aprel aýynyň ahyrynda “Samruk-Kazyna” milli maddy-üpjünçilik gaznasy Sinopharm hytaý kompaniýasynyň 1 mln doza Hayat-Vax sanjymyny satyn aldy. Şeýle-de, iýun aýynyň başynda respublika Sinovac Biotech hytaý kompaniýasynyň CoronaVac sanjymynyň 500 müň doza möçberinde birinji toplumyny aldy.