Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna diňleýjiler kabul edilip başlanar

Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna diňleýjiler kabul edilip başlanar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, 2021-2022-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň degişli okuwlaryna diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamalary tassyklanyldy. Oňa laýyklykda, Döwlet gullugy akademiýasynyň:

  • döwlet edaralarynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti iki okuw ýyly) diňleýjileri kabul etmegiň,
  • döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti bäş aý) diňleýjileri kabul etmegiň,
  • täjirçilik arbitražy boýunça döwlet  gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti dört aý) diňleýjileri kabul etmegiň,
  • ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti iki aý) diňleýjileri kabul etmegiň,
  • magistrleri taýýarlamak ugry boýunça okuwa (okuwyň möhleti bir okuw ýylyndan iki okuw ýylyna çenli) tölegli esasda kabul etmegiň meýilnamalary hem-de onuň okuwlaryna diňleýjileri we talyplary kabul etmek boýunça giriş synaglaryny guramagyň tertibi tassyklanyldy.