Hazarýaka döwletleriniň Baş prokurorlary Hazar deňzini goramak baradaky Jarnama gol çekdiler

  • 08.07.2021 14:50
  • 9.4k+

Bäş sany hazarýaka döwletiniň – Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Russiýanyň Baş prokurorlary Hazar deňzini goramak boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada Jarnama gol çekdiler. Bu resminama çarşenbe güni Sankt-Peterburgda Russiýanyň Baş prokurory Igor Krasnow tarapyndan geçirilen hazarýaka döwletleriniň baş prokurorlarynyň duşuşygynda gol çekildi (Eýranyň Baş prokurory bu duşuşyga wideokonferensiýa boýunça gatnaşdy) diýip, Trend habar berýär.
Krasnow Hazar deňziniň bäş döwlet üçin möhüm strategiki ähmiýete eýedigini we ýurtlarymyzyň territoriýalaryny bir ekologik ulgama birleşdirýändigini, şonuň üçin hazarýaka sebitiniň döwletleriniň Baş prokurorlary tarapyndan gol çekilen Deklarasiýada göz öňünde tutulan bilelikdäki işleriň daşky gurşawy goramak we Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny peýdalanmak babatynda oňyn täsir etjekdigini belledi.


düýn 09:33
6.4k+

Gazagystanda harby gulluga çagyryş sanly görnüşe geçýär

Gazagystanda 2026-njy ýylyň 4-nji iýulyndan başlap, işleri sanly görnüşe geçirmegi göz öňünde tutýan harby gulluga çagyryşy guramagyň we geçirmegiň täzelenen düzgünleri güýje girýär....

28.06.2026 00:03
3.5k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
2k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

25.06.2026 17:08
11k+

160 kg altyn teňňe ýitdi: Sankt-Peterburgda «asyryň ogurlygy» derňelýär

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde bankyň saklawhanasyndan altyn maýa goýum teňňeleriniň ogurlandy. Häzir bu jenaýat boýunça uly iş gozgalyp, derňew işleri alnyp barylýar. Derňewiň maglumatlaryna görä, ýiten......