Xiaomi smartfonlara «sesli» zarýad bermek usulyny patentleşdirdi

  • 29.06.2021 17:38
  • 6.2k+

Xiaomi kompaniýasy mobil gurluşlara ses tolkunlary arkaly zarýad bermegiň täze usulyny hödürledi. Oňa degişli ýüztutma Hytaýyň Patent býurosyna (CNIPA) berildi. Bu baradaky maglumaty vesti.ru paýlaşýar.

Täze tehnologiýa smartfony ýa-da beýleki elektronika enjamlaryny duýup bilýän akustik yrgyldyly generatorly ýörite dok-stansiýanyň ulanylmagyna esaslanýar. Soňra mehaniki titremeler elektronika enjamlaryna zarýad bermek üçin elektrik toguna öwrüler. MySmartPrice bu usulyň tok beriji ýörite enjama ýa-da iýmit çeşmesine birikdirilmegi talap etmeýändigini ýazýar. Muňa garamazdan, bu pikir edil häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde bolmagynda galýar. «Sesli» tehnologiýanyň durmuşa ornaşdyrylyp, tölegli harytlara öwrülmegi üçin entek birnäçe ýyl gerek bolar.
Xiaomi kompaniýasynda smartfonlara zarýad bermegiň täze çözgütleri işjeň synagdan geçirilýär. Şu ýylyň maýynda kompaniýa Mi 11 Pro 4000 mAs batareýaly smartfony simli gurluşda 8 minutda, «howada» bolsa 15 minutda zarýaddan doldurýan HyperCharge tehnologiýasyny görkezdi. Ondan öň gurluşlara hiç bir sim geçirijisiz zarýad berýän Air Charge tehnologiýasy hem tanyşdyryldy.


düýn 18:51
2.6k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.3k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....