«Gazprom» Türkmenistandan satyn alýan tebigy gazynyň möçberini artdyrdy

  • 24.06.2021 16:59
  • 9.5k+

Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistandan satyn alýan tebigy gazynyň möçberini 2,2 mlrd kub metre çenli artdyrdy. 2020-nji ýylyň degişli döwründe bu görkeziji 1,3 mlrd kub metre barabardy. Bu barada «Gazpromyň» ýewroobligasiýalarynyň täze neşirindäki hasabatyna we memorandumyna salgylanyp, Interfaks habar berýär.

Geçen ýylda rus kompaniýasy Türkmenistandan 4,7 mlrd kub metr tebigy gaz satyn aldy.
Belläp geçsek, «Gazprom» 2019-njy ýylyň aprel aýynda türkmen gazyny satyn almaklygyny dikeltdi. Şol wagt 15-nji aprelden 30-njy iýun aralygyndaky gysga möhletli şertnamanyň çäginde ibermeleriň möçberi 1,2 mlrd kub metr gaza barabar boldy.
2019-njy ýylyň 1-nji iýulynda «Gazprom» kompaniýalary topary türkmen tebigy gazyny satyn almak hakynda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen bäş ýyllyk — 2024-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli ylalaşyk baglanyşdy.

şu gün 11:54
1.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.1k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
1.9k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.8k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......