4G internetli we Wi-Fi-da işleýän düwmeli telefon tanyşdyryldy

  • 19.06.2021 18:14
  • 14k+

Häzir biziň hemmämizde iň döwrebap smartfonlar bar ýaly. Ýöne şonda-da ilkibaşda döredilen düwmeli telefonlar hem aramyzda ýaşamagyny, şol bir wagtda ösmegini dowam edýär. Şu ugurda Nokia smartfonlary has uly meşhurlyga eýe. Şeýle-de bolsa, öz mümkinçiliklerine ünsi çekmek isleýän başga önüm öndürijiler hem bar. itel Mobile kompaniýasy hem şolaryň biri.

Ferra.ru golaýda itel Mobile kompaniýasynyň «Itel Magic» diýip atlandyrylan täze düwmeli telefonlaryny öndürip başlandygyny habar berýär. Bu telefonlar diňe bir 4G mobil aragatnaşygynda işlemek ukybyna eýe bolman, eýsem, interneti Wi-Fi arkaly paýlamak mümkinçiligine hem eýedir.
Gizmochina-nyň habar berşi ýaly, bu enjamlarda 2,4 dýuýmly QVGA displeý we 1,3 megapiksellik esasy kamera bar. Itel Magic telefonlarynyň bahasy bolsa bary-ýogy 32 dollara deň.

düýn 10:31
5.5k+

Samsung täze çip, ýöne birje kemçilik bilen Galaxy A27 5G smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy orta derejeli Galaxy A27 5G smartfonynyň resmi tanyşdyrylyşyny geçirdi. Täze model Snapdragon tarapyndan öndürilen täze prosessor, frontal paneliň täzelenen dizaýny we uzak möhletli......

27.06.2026 10:51
1k+

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4.2k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3.1k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......