Ýaponlar iýilýän örtükleri dakynyp başladylar

Ýaponlar iýilýän örtükleri dakynyp başladylar

Ýaponiýada agyz-burun örtüginiň täze görnüşi barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Onuň esasy aýratynlygy - ulanyp bolanyňdan soň iýip bolýandygynda diýip, "Korrespondent" habar berýär.

Bu adaty bolmadyk örtük "Goku no Kimochi The Labo" tejribe barlaghanasynda ​​işlenip düzüldi. Ol gawun etinden ybarat bolup, tegelek görnüşe eýedir. Örtük daşyndan juda üýtgeşik görünýär hem-de onuň gowy tagamy bar diýip, çeşme belleýär. Hünärmenler bolsa onuň wiruslardan diýseň gowy goraýandygyny we hatda adaty örtüklerden has ygtybarlydygyny aýdýarlar.
Örtük bazara çykarylmazdan ozal “Unitika Garmentec” ylmy-barlag institutynda synag edildi. Hünärmenler ony kowidden goramak üçin ulanyp boljakdygyny tassykladylar.