Täze "Toyota Land Cruiser 300" 2023-nji ýyldaky "Dakar" rallisine gatnaşar

  • 17.06.2021 22:15
  • 17k+

2023-nji ýylda Toyotanyň "Auto Body" bölümi “Dakar” rallisine "Land Cruiser 300" bazasynda öndürilen ýaryş awtoulagyny gatnaşdyrar. Bu barada tarantas.news habar berýär.

Bu täze nesil awtoulagy birnäçe gün mundan ozal tanyşdyrylypdy. Ralli üçin niýetlenen model ýaryşda Production/Т2 klasynda çykyş eder.
“Land Cruiser 300” modelinde dokuz ýyl bäri ýaryşa “200” belligi astynda çykýan ulaglarda üstünlikli gatnaşýan we birnäçe gezek öz klasynda ýeňiji bolan "Team Land Cruiser Toyota Auto Body" topary çykyş eder.
Häzirki wagtda “Land Cruiser 200” rallä doly zawod görnüşinde gatnaşýar diýip, speedme.ru portaly belleýär. Ulagda diňe howpsuzlyk karkasy oturdylýar we salonyň artykmaç elementleri aýrylýar, şeýle hem goşmaça ýangyç baky, şnorkel we goşa sport amortizatorlary oturdylýar. Şol bir wagtyň özünde rama, hereketlendiriji, transmissiýa we beýleki komponentler hem-de gurnamalar üýtgedilmeýär. Şu ýagdaýda ýapon ulagy bütin ýoly kösenmän geçýär diýip, çeşme belleýär.


şu gün 14:05
832

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

şu gün 08:16
1.6k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
4.8k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......