Şweýsariýada «ýaşyl» kanunçylyk goldanylmady

  • 16.06.2021 18:00
  • 4.4k+

Şweýsariýanyň halky golaýda geçirilen sala salşyklarda emeli pestisidleri gadagan etmek we bug gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça «ýaşyl» kanunçylyk namasyny goldamady. Bu barada ses berişlikleriň netijelerine salgylanyp, rg.ru saýty habar berýär.

Resminamada bug gazlarynyň zyňyndylaryny awtomobil ýangyjynyň we awiapetekleriň bahasyny ýokarlandyrmak arkaly azaltmak göz öňünde tutulypdy. AP agentliginiň maglumatlaryna görä, bu işlerden gazanylan goşmaça girdejiler klimatyň üýtgemeginiň täsiri has ýiti duýulýan sebitlere, şeýle-de elektroawtobuslaryň, innowasion tehnologiýalaryň we täze ýyladyş ulgamlarynyň işe girizilmegine ýardam bermelidi.
Politico neşiriniň ýazmagyna görä, sala salşyga hödürlenen bu başlangyjyň maksady Şweýsariýanyň Hökümetine 2030-njy ýyla çenli zyýanly galyndylaryň möçberini 1990-njy ýylyň ikinji ýarymyndaky ýaly derejede peseltmäge mümkinçilik döretmekden ybaratdy. Ýöne kanunçylyk namasynyň tankytçylary onuň durmuş ýüzünde umumydünýä ekologiýa ýagdaýlaryny üýtgedip bilmejekdigini aýtdylar. Gaýtam, ýurduň çägi nazara alnyp, onuň belli bir derejede ýaşaýjylar üçin ykdysady kynçylyklary getirip biljekdigi nygtaldy.
Emeli pestisidler barada aýdylanda bolsa, bu ugurda ses bermek üçin iki teklip hödürlendi. Birinjiden, geljek 10 ýylyň dowamynda bu serişdeleri gadagan etmek hem-de pestisidler ulanylyp taýýarlanan azyk önümleriniň importyny ýatyrmak. Ikinji teklip, öz gezeginde, döwlet subsidiýalaryna hukugy şu hili serişdeleri ulanmakdan ýüz öwren we antibiotikleriň kömegine diňe keselli haýwanlary bejermek üçin daýanýan fermerlere bermegi göz öňünde tutýardy. Muňa garamazdan, fermerler bu işleriň öz bizneslerini togtatmaga getirjekdigini aýdyp, kanuny peýdasyz diýip hasap etdiler.


28.03.2026 15:20
16k+

Şu gün Ýer bir sagatlyk tümlüge bürener

Şu gün, 2026-njy ýylyň 28-nji martynda bütin dünýäde millionlarça adamlar, müňlerçe şäherler we ýüzlerçe meşhur binalar taryhda iň köpçülikleýin ekologiýa aksiýasyna goşular. Olar planetamyzyň geljegi baradaky......

21.03.2026 00:22
4.7k+

Maltada 5 ýyl sürüjilik hukugyndan el çekene 25 müň ýewro tölener

Maltanyň häkimiýetleri öz islegi bilen sürüjilik şahadatnamasyndan 5 ýyl el çekip biljek sürüjilere 25 müň ýewro möçberinde pul sylagyny hödürleýärler. Olar şeýle etmek bilen, ýollardaky dyknyşyklary azaldyp, ekologiýanyň ýagdaýyny gowulandyrmak isleýärler...

16.03.2026 12:00
5.6k+

Ekologlar ummandan 45 million kg-dan gowrak plastik galyndysyny çykardylar

«The Ocean Cleanup» ekologiýa guramasy ummany arassalamak maksatnamasynyň taryhyndaky iň uly netije barada habar berdi. Taslama gatnaşyjylar şu güne çenli jemi 45 million kilogramdan gowrak plastik galyndysyny suwdan çykardylar...

12.03.2026 18:24
1.8k+

Şnobel baýragyny gowşuryş dabarasy wiza meseleleri sebäpli Sýurihe geçirildi

2026-njy ýylda Şnobel baýragynyň gowşurylyş dabarasy öz taryhynda ilkinji gezek ABŞ-nyň çäginden daşarda geçiriler. Associated Press neşiriniň habar bermegine görä, nobatdaky dabara şu ýylyň sentýabr aýynda Şweýsariýanyň Sýurih şäherinde gurnalar...