Ýelizaweta II koronawirusa garşy sanjymy döredijileri sylaglady

  • 15.06.2021 19:20
  • 5107
Ýelizaweta II koronawirusa garşy sanjymy döredijileri sylaglady

Beýik Britaniýanyň şa zenany Ýelizaweta II AstraZeneca sanjymyny döredijileri sylaglady. “Ýewropeýskaýa prawda” web-saýtynyň britan hökümetiniň saýtyna salgylanyp habar bermegine görä, sylaglama dabarasy şa zenanynyň doglan gününde geçirildi.

Aýratyn-da, rysar tituly AstraZeneca sanjymyny döretmäge gatnaşan Oksford uniwersitetiniň professory Endrýu Pollarda berildi. Şeýle-de, iki aýal sylaglandy: Oksford uniwersitetiniň professory Sara Gilbert we COVID-19-a garşy sanjym boýunça iş toparynyň başlygy Keýt Bingem. Olar kawaler hanymlar adyny aldylar.

“Kliniki synaglara gatnaşan adamlar möhüm rol oýnadylar. Hakykatda, olar häzirki wagtda tutuş dünýä iberilýän bu sanjymyň ulanylmagyny mümkin etdiler. Olaryň hemmesi gahryman. Olar koronawirusa garşy göreşde uly bir goşunyň bölegi” – diýip, Oxford Vaccine Group-yň ýolbaşçysy Endrýu Pollard belleýär.

Şa zenanynyň doglan gününde jemi 1129 adam dürli baýraklar bilen sylaglandy. Bellenilişi ýaly, sylaglananlaryň 23%-i koronawirus pandemiýasyna garşy göreşde – saglygy goraýyş pudagyna haýyr-sahawat kömegini bermekden başlap, möhüm infrastruktura goldaw bermekde alyp barýan işleri üçin baýrak aldylar.
Häzirki sylaglama etniki köpdürlüligi nukdaýnazaryndan rekord bolup durýar, sylaglananlaryň 15%-i milli azlyklaryň wekili.


şu gün 07:31
6479

Britaniýada patyşa Karl III-niň ilkinji resmi portreti görkezildi

Londonda resmi dabaranyň dowamynda patyşa Karl III-niň ilkinji portreti görkezildi. Beýikligi 256 santimetr bolan suratyň awtory suratkeş Jonatan Ýeo boldy diýip, Buro247 habar berýär. Portretde patyşa Uels gwardiýasynyň...

12.05.2024 21:34
13414

Londonda start-ap adaty bolmadyk ulagy – pedalda işleýän ýük awtoulagyny hödürledi

Düýbi Londonda ýerleşýän Cityshuttle start-apy sürüjisi pedaly aýlamaly bolan dünýäde ilkinji elektrik awtoulagyny çykardy. ePack diýlip atlandyrylýan täze önüm eltip berme hyzmatlarynda awtoulaglaryň, skuterleriň...

11.05.2024 10:53
11239

Dünýäniň iň gadymy jenap klublaryndan biri 200 ýyllyk gadaganlykdan soň, zenanlara gapylaryny açar

Iňlis jenaplarynyň (jentlmenleriniň) 1831-nji ýylda döredilen meşhur "Garrik" kluby 200 ýyl töweregi taryhynda ilkinji gezek zenanlara gapylaryny açdy diýip, BBC habar berýär. Birnäçe ýyllap dowam eden çekeleşiklerden...

01.05.2024 10:53
3004

Britaniýa gurluşlarda gowşak parollary ulanmagy gadagan edýän kanuny güýje girizdi

Britaniýada smart-gurluşlarda “admin” ýa-da “12345” ýaly gowşak parollaryň ulanylyşyny gadagan etmegi göz öňünde tutýan sarp edijileri haker hüjümlerinden goramak düzgünleri güýje girdi. Bu barada “The Guardian”...