ÝEWRO-2020: Belgiýa Russiýany ýeňdi, Uels Şweýsariýa bilen deňme-deň oýnady

  • 13.06.2021 21:41
  • 6.6k+

Ýewro-2020-niň toparlaýyn tapgyrynyň nobatdaky duşuşygynda Uelsiň we Şweýsariýanyň milli ýygyndy toparlary deňme-deň oýnady (1: 1). Oýun Bakuwda (Azerbaýjan) geçirildi.

49-njy minutda hasaby şweýsariýaly Brel Embolo açdy. Kiffer Mur 74-nji minutda hasaby deňledi.
Toparlar hersi bir utuk toplady we A toparçada ikinji we üçünji orny paýlaşdy. Birinji orunda Italiýa üç utuk bilen ýerleşdi. Türkiýe nol utuk bilen dördünji orunda.
16-njy iýunda indiki tapgyrda Şweýsariýa — Italiýa, Uels — Türkiýe duşuşygy geçiriler.

B toparçadaky oýunda Belgiýanyň milli ýygyndysy Russiýanyň milli ýygyndysyny ýeňdi.
Duşuşyk 3:0 hasabynda tamamlandy.
Belgiýalylaryň düzüminde Toma Menýe we Romelu Lukaku (dubl) tapawutlandy.
Bu toparyň ugurdaş duşuşygynda Daniýa Finlýandiýadan utuldy (0:1).
Şeýlelikde, Belgiýa üç utuk toplady we B toparçada öňdeligi eýeledi. Finlýandiýa hem üç utuk bilen ikinji ýerde durýar. Üçünji ýerde — Daniýa ýerleşdi.
Indiki tapgyrda Belgiýa Daniýa bilen (17-nji iýunda), Russiýanyň milli ýygyndysy Finlýandiýa (16-njy iýunda) bilen duşuşar.


düýn 20:02
8.9k+

«Ýyldyz bolup geldiň – rowaýata öwrülip gidýäň». Robert Lewandowski «Barselonadan» gidýär

Polşaly hüjümçi Robert Lewandowski şu möwsüm tamamlanandan soň, «Barselonany» terk etjekdigini mälim etdi....

düýn 11:22
6k+

Serhio Ramos «Sewilýa» klubunyň eýesi bolar

Ispaniýaly futbolçy Serhio Ramos Five Eleven Capital holdingi bilen bilelikde «Sewilýa» futbol klubuny satyn almak barada ylalaşyk gazandy....

15.05.2026 17:43
3.3k+

Ançelotti Braziliýanyň milli futbol ýygyndysy bilen şertnamany 2030-njy ýyla çenli uzaltdy

Italiýaly tälimçi Karlo Ançelotti Braziliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy bilen şertnamasyny 2030-njy ýyla çenli uzaltdy. Bu barada Braziliýanyň Futbol konfederasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär....

15.05.2026 08:01
2.8k+

«Barselona» Flik bilen şertnamany 2028-nji ýyla çenli uzaltmak barada ylalaşdy

Ispaniýanyň «Barselona» futbol kluby bilen baş tälimçi Hans-Diter Flik zähmet şertnamasyny uzaltmak barada ylalaşyk gazandy. Insaýder Fabrisio Romanonyň berýän maglumatyna görä, täzelenen şertnama 2027/28......