Bütindünýä banky 2021-nji ýylda dünýä ykdysadyýetiniň 5,6% ösjekdigini çaklaýar

  • 10.06.2021 21:49
  • 3.8k+

Bütindünýä banky özüniň hasabatynda 2021-nji ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň 5,6% boljakdygyny çaklaýar, bu soňky 80 ýylda iň ýokary görkezijidir. Bu barada www.pnp.ru habar berýär.

Bütindünýä bankynyň çaklamalaryna görä, ABŞ-nyň ykdysadyýetiniň ösüşi 6,8%, Ýewropa zonasynyň ykdysadyýetiniň ösüşi 4,2% bolar. Ýaponiýanyň ykdysadyýeti hem, öz gezeginde, 2,9%, Hytaýyň ykdysadyýeti bolsa 8,5% öser. 2021-nji ýylda Russiýanyň ykdysadyýeti 3,2% öser. 2022-nji ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi 4,3% bolar. 
Şol bir wagtyň özünde Bütindünýä banky gaýtadan dikeliş prosesiniň deň bolmazlygyna garaşýar, hünärmenleriň pikiriçe, bu görkezijiniň berkligi we uzak ömürlidigi barada düýpli näbellilik bar.
Şeýle-de, hasabatda ösüp barýan ykdysadyýeti bolan ýurtlaryň köpüsiniň koronawirus pandemiýasynyň ýaramaz täsirinden zyýan çekmegi dowam etdirýändigi bellenilýär. Inflýasiýa barada aýdylanda, Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, ol şu ýylyň ahyryna çenli ösmegini dowam etdirer. 

şu gün 19:38
631

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

şu gün 19:26
371

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

şu gün 11:05
2.8k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

düýn 20:55
2.6k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......