Ysraýyl ilkinji gezek BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşine agzalyga saýlandy

  • 09.06.2021 20:50
  • 2.6k+

Ysraýyl döwleti taryhda ilkinji gezek BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşine agza hökmünde saýlandy. Bu barada newsru.co.il saýtyna salgylanyp, Trend agentligi maglumat berýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşi (EKOSOS) bu guramanyň esasy düzümleriniň biri bolup, Milletler Bileleşiginiň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça iş alyp barýan ýöriteleşdirilen edaralarynyň 15-siniň, funksional komissiýalarynyň 9-synyň we sebitleýin komissiýalarynyň 5-siniň işini utgaşdyrmaga jogapkärdir. Bu geňeşiň agzalygyna BMG-niň düzümindäki 193 döwletiň arasyndan her iki ýyldan bir gezek saýlanýan 54 ýurt girýär. Ysraýyl döwleti bolsa görlüp-eşidilmedik goldaw alyp, 154 ýurduň ses bermegini gazandy.  
Ýeri gelende bellesek, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 96-njy mejlisinde Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň 2019 — 2021-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlanyp, häzir bu wezipäni abraý bilen ýerine ýetirýär. Türkmenistan ilkinji gezek 2013 — 2015-nji ýyllarda hem BMG-niň bu esasy düzüminiň agzalygyna kabul edilipdi.


düýn 12:45
2.4k+

Dmitriý Şlapaçenko we Narine Saakýan Türkmenistanyň ýubileý medallary bilen sylaglandy

10-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy boldy. Halkara guramalarynyň wekillerine «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly gowşuryldy...

09.02.2026 19:21
1.8k+

BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi...

24.01.2026 04:08
2k+

Raşid Meredow Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça teklipleri hödürledi

23-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşyda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi.  Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň Hökümeti bilen bu guramanyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» çäklerinde hyzmatdaşlyk alnyp baryldy...

23.01.2026 11:36
851

Türkmenistanyň DIM-nde UNESCAP bilen hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Şombi Şarp bilen duşuşdy...