Türkmenistanda ýolagçy demir ýol gatnawlarynyň sany artýar

  • 09.06.2021 16:04
  • 40k+

Türkmenistanda ýiti ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak bilen bagly uzak wagtlyk çäklendirmelerden soň, içerki demir ýol gatnaw ugurlarynyň sany artýar.

TmCars.info-nyň anyklan maglumatlaryna laýyklykda, 9-njy iýundaky ýagdaýa görä, «Demirýollary» AGPJ 33 sany demir ýol gatnawyny işe girizdi, şolardan 8-si Aşgabatdan Türkmenbaşy şäherine we Türkmenbaşydan Aşgabada yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar. Bu ugur boýunça gatnawlar gündelik ýerine ýetirilýär.
Beýleki ugurlar boýunça demir ýol ulaglary boýunça ýolagçy gatnawlary hepdede bir gezekden üç gezege çenli amala aşyrylýar. Şol bir wagtda bu gatnawlaryň sany hem artdyrylýar.
Ýolagçy demir ýol gatnawlarynyň tertibi bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz. Bulardan başga-da, «Demirýollary» AGPJ-niň resmi saýtyndan we Android hem-de iOS üçin niýetlenilen programmalaryndan alyp bilersiňiz.


şu gün 00:03
529

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......