Žorž Sen-Pýer Habib Nurmagomedowa söweşmegi teklip etdi

  • 30.05.2021 12:37
  • 42k+

Iki agram kategoriýasynda UFC-niň ozalky çempiony Žorž Sen-Pýer ýeňil agramda ozalky çempion Habib Nurmagomedowa söweşmegi teklip etdi. Bu barada UFC-niň prezidenti Deýna Uaýta salgylanyp, Nurmagomedowyň menejeri Ali Abdel-Aziz gürrüň berýär diýip, championat.com belleýär.

“On gün mundan öň maňa Uaýt jaň edip, Sen-Pýeriň Habib bilen söweşmek isleýändigini aýtdy. Ýarym orta agramda titul däl söweşi.

Biz Žorža dört ýa-da bäş ýyl garaşdyk, ol bir görseň-ä, razy bolýardy, bir görseňem, ýok. Ahyrynda, UFC onuň ýeňil agramda söweşmegini isledi, ol bolsa ýarym orta agrama geçdi. Indi welin ol şeýle diýýär: men karýeramy tamamladym, Habib hem tamamlady, ony dikeltmek we söweşmek nähili bolar?” – diýip, Bloody Elbow menejeriň sözlerini getirýär.
Sen-Pýer 2019-njy ýylyň fewral aýynda, Nurmagomedow 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi. 2021-nji ýylyň mart aýynda rus söweşijisi bu gelen netijesini resmi taýdan tassyklady.


26.06.2026 23:43
7.6k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
5k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.3k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......