Sanjym işiniň başlanmagy bilen dünýäde täze dokuz milliarder peýda boldy

Sanjym işiniň başlanmagy bilen dünýäde täze dokuz milliarder peýda boldy

Kowida garşy sanjymlaryň öndürilip we satylyp başlanmagy bilen dünýäde milliarderleriň sany dokuz san köpeldi. Bu barada People’s Vaccines Alliance birleşigine salgylanyp, “Office life” žurnaly ýazýar. Muny kp.by ýetirýär.

Bu sanawda birinji orunda Moderna kompaniýasynyň baş müdiri Stefan Bansel we BioNTech-iň baş müdiri Ugur Sahin durýar, olaryň baýlygy degişlilikde, 4,3 mlrd dollar we 4 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar.
Şeýle-de, Moderna kompaniýasyny esaslandyryjylaryň üçüsi milliarder boldy: immunolog Timoti Springer ($2,2 mlrd), ermeni-amerikan mesenaty Nubar Afeýan ($1,9 mlrd) we alym Robert Langer ($1,6 mlrd).
ROVI kompaniýasynyň ýolbaşçysy Huan Lopes-Belmonte Moderna kompaniýasy bilen sanjym öndürmek we gaplamak boýunça şertnama baglaşdy. Häzir onuň baýlygy 1,8 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar. Şeýle-de, sanjym öndürmek bilen meşgullanýan CanSino Biologics hytaý kompaniýasynyň üç esaslandyryjysy milliarder boldy.
Umumy alanyňda, täze dokuz milliarderiň baýlygy 19,3 mlrd dollar diýlip hasaplanýar. Milliarderleriň sanawynda öňden bar bolan we sanjym öndürýän kompaniýalaryň paýnamalar bukjasyna eýe bolan birnäçe adam hem öz baýlygyny artdyrdy.