Sanjym işiniň başlanmagy bilen dünýäde täze dokuz milliarder peýda boldy

  • 22.05.2021 21:04
  • 18k+

Kowida garşy sanjymlaryň öndürilip we satylyp başlanmagy bilen dünýäde milliarderleriň sany dokuz san köpeldi. Bu barada People’s Vaccines Alliance birleşigine salgylanyp, “Office life” žurnaly ýazýar. Muny kp.by ýetirýär.

Bu sanawda birinji orunda Moderna kompaniýasynyň baş müdiri Stefan Bansel we BioNTech-iň baş müdiri Ugur Sahin durýar, olaryň baýlygy degişlilikde, 4,3 mlrd dollar we 4 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar.
Şeýle-de, Moderna kompaniýasyny esaslandyryjylaryň üçüsi milliarder boldy: immunolog Timoti Springer ($2,2 mlrd), ermeni-amerikan mesenaty Nubar Afeýan ($1,9 mlrd) we alym Robert Langer ($1,6 mlrd).
ROVI kompaniýasynyň ýolbaşçysy Huan Lopes-Belmonte Moderna kompaniýasy bilen sanjym öndürmek we gaplamak boýunça şertnama baglaşdy. Häzir onuň baýlygy 1,8 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar. Şeýle-de, sanjym öndürmek bilen meşgullanýan CanSino Biologics hytaý kompaniýasynyň üç esaslandyryjysy milliarder boldy.
Umumy alanyňda, täze dokuz milliarderiň baýlygy 19,3 mlrd dollar diýlip hasaplanýar. Milliarderleriň sanawynda öňden bar bolan we sanjym öndürýän kompaniýalaryň paýnamalar bukjasyna eýe bolan birnäçe adam hem öz baýlygyny artdyrdy.


03.05.2022 13:25
5.6k+

Hytaýyň Sinovac sanjym öndürijisiniň girdejisi 2021-nji ýylda 14,5 mlrd dollara ýetdi

Hytaýda iň uly sanjym öndürijileriň biri bolan Sinovac kompaniýasynyň arassa girdejisi 2021-nji ýylyň jemi boýunça 78 esse ýokarlanyp, takmynan, 14,5 mlrd dollara ýetdi. Bu barada kompaniýanyň maliýe hasabatynda...

29.05.2021 22:24
8.5k+

Futbol klublary pandemiýa sebäpli rekord derejede ýitgä sezewar bolýarlar

Ýewropanyň öňdebaryjy futbol klublarynyň 32-si 6 mlrd ýewrodan gowrak gymmatyny ýitirdi. Şeýle maglumatlar KPMG auditoriýa kompaniýasynyň hasabatynda getirilýär. Munuň sebäbi pandemiýa bolmak bilen, ol köp oýunlaryň...

08.05.2020 15:26
3.9k+

Uber kompaniýasy koronawirus zerarly birinji çärýekde $2,9 mlrd ýitgi çekdi

Koronawirus pandemiýasy zerarly Uber Advanced Technologies amerikan kompaniýasynyň arassa girdejisi 2,9 mlrd dollar azaldy. Bu barada Trend agentligi kompaniýanyň 2020-nji ýylyň birinji çärýegi boýunça neşir eden...

düýn 16:52
4.8k+

Made for Germany: Iri nemes kompaniýalary öz ýurdunyň ykdysadyýetine 631 mlrd ýewro maýa goýar

60-dan gowrak iri nemes kompaniýasy kansler Fridrih Mersiň Made for Germany (“Germaniýa üçin öndürilen”) başlangyjyny goldady we üç ýylyň dowamynda Germaniýanyň ykdysadyýetine 631 milliard ýewro maýa goýmaga borçlandylar...