Koronawirus pandemiýasy zerarly Uber Advanced Technologies amerikan kompaniýasynyň arassa girdejisi 2,9 mlrd dollar azaldy. Bu barada Trend agentligi kompaniýanyň 2020-nji ýylyň birinji çärýegi boýunça neşir eden hasabatyna salgylanyp habar berýär.
31-nji martda tamamlanan hasabat döwründe kompaniýanyň girdejisi 3,5 mlrd dollara barabar boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 14% artykdyr. Uber taksi serwisiniň üsti bilen saparlary bronlamaklygyň sany geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8% artdy, olaryň umumy bahasy 15,8 dollara deň boldy.
«Pandemiýa zerarly taksi serwisimiziň düýpli kynçylyklara sezewar bolandygyna garamazdan, biz serişdelerimiziň deňagramlylygyny saklap galmak we berkitmek, Uber Eats (iýmit eltip bermek hyzmaty) üçin goşmaça serişde bölmek üçin we dikeldiş çäreleriniň mümkin bolan ähli görnüşlerine taýýarlyk üçin çäreleri tiz wagtda gördük» - diýlip, Uber kompaniýasynyň baş direktory Dara Hosrowşahyň sözleri getirilýär. Mundan öň, kompaniýanyň ýolbaşçylygy pandemiýa zerarly ýolagçy gatnawynyň düýpli azalmagy sebäpli işgärleriniň 14%-ni işden çykarmak kararyna gelipdi. Hosrowşahyň özi direktorlar geňeşi bilen geňeşmeden soň, 2020-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli öz aýlyk hakyny almazlyga razylyk berdi.
Uber — mobil telefondaky programmanyň kömegi bilen şahsy ulag sürüjileriniň hyzmatyndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän meşhur onlaýn hyzmatdyr. Ştab-kwartirasy San-Fransiskoda ýerleşýän bu kompaniýa telekeçiler Trewis Kalanik we Garret Kemp tarapyndan 2009-njy ýylda esaslandyryldy. Uber 80-e golaý ýurduň 500-den gowrak şäherlerinde hereket edýär.
Uber kompaniýasy koronawirus zerarly birinji çärýekde $2,9 mlrd ýitgi çekdi
- 08.05.2020 15:26
- 3.8k+