Sharp iň uly kameraly smartfony tanyşdyrdy

  • 18.05.2021 21:16
  • 15k+

Dünýäde iň uly kameraly smartfon - 1 dýuýmlyk şekil datçigi bilen enjamlaşdyrylan "Sharp Aquos R6" tanyşdyryldy. Bu barada msn.com habar berdi.

"Sharp Aquos R6"-daky şekil datçiginiň “Mi 11 Ultra”-da ulanylandan has uludygy bellendi. Ýadymyzda bolsa, “Mi 11 Ultra”-da optiki formatda 1/1,12 dýuýmlyk "Samsung GN2" datçigi oturdylypdy.
Gyzykly tarapy, iň uly şekil datçikli “Sharp Aquos R6”nyň iň ýokary mümkinçiligi 20.2 megapikselden aňry geçmedi. Smartfonyň kamera ulgamynda 3D ToF moduly hem bar.  Ýeri gelende aýtsak, kamerada “Leica Summicron” obýektiwi ulanylýar.
“Sharp Aquos R6”-nyň galan aýratynlyklary hem öňe tutarlyk bar. Onda “Snapdragon 888” prosessory, WUXGA+ durulykly (2730x1260 piksel) we kadr ýygylygy 240 Hz bolan 6,6 dýuýmlyk süýndürilen OLED ekrany ornaşdyrylypdyr. Enjam 5000 mAh akkumulýator bilen hem üpjün edilipdir.
Smartfonyň satuwynyň iýun aýynyň ikinji ýarymynda başlanmagyna garaşylýar.

düýn 10:51
805

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4.1k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......